Belgiýa polisiýasy 2 şwesiýalyny öldürmekde güman edilýän adamy öldürdi
Belgiýanyň polisiýasy 17-nji oktýabrda Brýusseliň köçesinde şwesiýaly futbol janköýerleriniň iki sanysyny atyp öldürmekde güman edilýän tunisli adamy öldürdi.
Belgiýanyň paýtagtynda başlanan gözlegden birnäçe sagat soň Içeri işler ministri Annelies Verlinden VRT teleýaýlymyna: "Bizde gowy habar bar, biz ol şahsy tapdyk" diýdi.
Ol atyşykda ulanylan diýip bilinýän ýaragyň hem tapylandygyny aýtdy.
Federal prokuratura bu meselede has seresaply bolup, "Associated Press" habar gullugyna iberen SMS hatynda: "Bu adamyň atyjydygy barada berk çaklamalar bar, ýöne takyklyklar ýok" diýdi.