Azerbaýjan oppozisiýa aktiwistini 20 gün tussaglyga höküm etdi
Bakuwdaky kazyýet 17-nji oktýabrda Azerbaýjanyň oppozisiýaky Halk fronty partiýasynyň aktiwisti Orxan Bahyşlyny ownuk bozgaklykda aýylap, 20 gün azatlykdan mahrum etdi.
Azerbaýjanyň halk fronty partiýasy Bahyşlaynyň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini, onuň prezident Ylham Alyýewi internetde tankytlandygy üçin jezalandyrylandygyny öňe sürdi.
Bahyşly 2018-nji ýylda neşe serişdelerini bikanun saklamakda aýyplanyp, alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Soň onuň türme möhleti üç ýyl azaldyldy we Bahyşly prezidentiň köpçülikleýin günä geçiş karary esasynda 2021-nji ýylyň başynda azatlyga çykaryldy.