ABŞ Müsüriň Gaza geçelgesini açandygyny aýdýar
Gaza zolagyndan çykyp bilmän galan 2,3 million adamyň ýüzbe-ýüz bolan ynsanperwerlik krizisiniň çuňlaşmagynyň Ýakyn Gündogarda Ysraýyla garşy guralýan protestleriň möwjäp galmagyna sebäp bolmagy bilen, palestinalylara kömek bermek üçin, Müsür özüniň Gaza zolagy bilen aradaky serhet geçelgesini açmaga razy boldy diýip, ABŞ aýtdy.
16-njy oktýabrda Gazanyň Al-Ahli al-Arabi keselhanasynda bolan partlamadan soň, sebit durnuksyz bolmagynda galdy, palestinaly resmiler bu partlama netijesinde 471 adamyň ölendigini aýtdylar we bu betnagtçylyga Ysraýylyň uran howa zarbasynyň sebäp bolandygyny öňe sürdüler.
Ysraýyl we ABŞ partlamanyň sebäbini Gazadaky yslamçy söweşijileriň eden şowsuz raketa hüjüminden gözlemelidigini aýtdylar.