Bütindünýä saglyk guramasy Gaza üçin ýük ulgalarynyň taýýardygyny aýdýar
"Biziň ýük awtoulaglarymyzyň ýüki ýüklendi we olar ugramaga taýýar" diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreyesus metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ol üpjünçilik ýükleriniň Rafah geçelgesi açylan badyna, “belki-de ertir [20-nji oktýabr] gerekli ýerine eltiljekdigine" umyt edýändigini aýtdy.
Bu kömek Ysraýyl Gaza zolagyna "doly gabaw" girizjekdigini aýdanyndan soň iberilýän ilkinji kömek bolar.