Eýran iki žurnalisti uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi
22-nji oktýabrda Eýranyň sudy iki sany zenan žurnalisti, 2022-nji ýylda tussaglykda ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň işini beýan edeni üçin, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi. Bu ABŞ we hukuk goraýjy aktiwistler tarapyndan ýazgaryldy.
Döwletiň eýeçiligindäki IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, 31 ýaşly Nilufar Hamedi ýedi ýyl, 36 ýaşly Elahah Mohammadi hem alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Maglumatda olaryň “duşmançylykly ABŞ-nyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekde” günäli tapylandygy aýdylýar.
Mundan başga-da, olara “milli bähbitlere garşy hereket etmekde” diýen aýyplama bilen, goşmaça bäş ýyl türme tussaglygy berildi. Galyberse-de, žurnalistleriň her birine “dolandyryşa garşy propoganda etmekde” diýilýän aýyplama esasynda ýene-de bir ýyl goşmaça tussaglyk berildi.
Žurnalistleriň aklawçylary müşderileriniň bu aýyplamalary ret edendiklerini mälim etdiler.
Aminiň başyny düzüwli örtmezlikde aýyplanyp “ahlak polisiýasy” diýilýäniniň tussaglygynda ýogalmagy netijesinde, ýurtda ençeme aýlap köpçülikleýin protestler geçirildi.