Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi togtadyldy

Türkmenabatda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi togtadyldy

Daşary ýurtlara syýahat etmek üçin biometriki pasportlary almak türkmen raýatlarynyň ençemesi üçin hem zerur, hem-de agyr mesele bolmagyna galýar. Pasporta bolan islegler güýçlenýärkä, ony almak mümkinçiligi gitdigiçe azalýar. Nobatlar birnäçe günüň içinde indiki ýylyň güýzüne baryp ýetenden soň, ýurduň käbir sebitlerinde asla togtadyldy.

Lebap welaýatynda daşary ýurt pasportlaryna dokumentleri tabşyrmak üçin talon bermek bes edildi. Azatlygyň habarçylary bu barada migrasiýa gullugynyň işgärlerine salgylanyp, 23-nji oktýabrda habar berdiler we munuň, Türkmenabadyň migrasiýa gullugynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýyna talonlar berlip gutarandan soň ýüze çykandygyny mälim etdiler. Bellesek, talonlary bermek işi uzak arakesmeden soň, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda başlanypdy we bir aýa ýetmän bir ýylyň tolonlary berlip gutarypdy.

Indi ýerli migrasiýa gullugy eýýäm berlen talonlar esasynda raýatlardan daşary ýurt pasportlary üçin resminamalary kabul edýär.

Habarçylar 20 günüň içinde talon alanlaryň köpüsiniň 50 ýaşdan uly adamlardygyny aýdýarlar.

"Talon almagy başaranlar 50 we ondan uly ýaşly raýatlar. Olaryň arasynda 60 we 65 ýaşlylar hem bar. Olaryň käbiri pasport alyp, goňşy Özbegistana pul gazanmak, esasanam haryt daşamak ýaly işleri meýilleşdirýärler",- diýip, sebitiň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Lebap welaýaty Özbegistan bilen serhetleşýär. Serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin wiza ýeňillikleri göz öňünde ttutulýar, şeýle-de, köpüsiniň goňşy Özbegistanda garyndaşlary hem bar.

Bu aralykda, gümrük işgärleri, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüňdeşlikde, serhetden geçýän türkmen raýatlarynyň akymynyň artýandygyny belleýärler.

"Her gün 100-e golaý türkmen raýaty serhetdäki barlag nokadyndan geçýär, esasan Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylary" diýip, lebaply gümrük işgäri aýdýar.

Onuň sözlerine görä, serhetden geçýän söwdagärler köplenç hojalyk tehnikasyny we hojalyk harytlaryny daşaýarlar: “Özbegistana iň köp alnyp barylýan harytlar kiçi diametrli telewizorlar we tozan sorujylar. Şeýle hem öý-hojalyk himiki serişdeleri, şampunlar, çygly süpürgiçler äkidilýär. Türkmenistana egin-eşik we kakadylan miweler getirýärler. Adatça gatnawçylar bir günüň içinde baryp gaýdýarlar, serhetden geçýärler we şol gün yzyna dolanýarlar".

Gümrükden adam başyna agramy 20 kilogramlyk harydy salgytsyz geçirmek üçin rugsat berilýär. Emma, iki ýurduň arasynda gatnaýan söwdagärler biraz goşmaça töleg bilen köpräk haryt geçirip bolýandygyny aýdýarlar.

"Serhetden geçirip bolýan harytlaryň mukdary çäkli, olar sanalyp geçirilýär. Bir adam bir telewizor ýa-da tozan sorujy daşap bilýär. Mundan başga-da käbir harytlar gadagan. Mysal üçin, Türkmenistandan Özbegistana et, mesege, ösümlik ýagyny, margarin we beýleki önümleri alyp barmak gadagan" - diýip, Özbegistandan haryt getirip pul gazanýan lebaply ýaşaýjy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýdýar.

Lebap welaýatynda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi bir aýa uzaga çekmän tamamlandy. Anonim gürlän migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sözlerine görä, oktýabryň ilkinji iki hepdesinde talonlar indiki fewral aýyna çenli berilen bolsa, üçünji hepdäniň dowamynda ýaz, tomus we güýz aýlary üçin tiz berlipdir. Mundan birnäçe gün öň, 16-njy oktýabrda 2024-nji ýylyň aprel we maý aýlary üçin talonlaryň berilýändigini habarçylar aýdypdy.

Ýurduň beýleki sebitlerinde-de pasport almak mümkinçiligi şuňa meňzeş.

Ýurduň häkimiýetleri daşary ýurt saparlary üçin pasporta bolan islegler we kynçylyklar barada resmi düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda ýurduň ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary barada karara gol çekdi.

Türkmen döwlet metbugatynyň 20-nji oktýabrda beren habaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken bu kararyna görä, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy hem tassyklanypdyr. Munuň prezidentiň “Migrasiýa hakynda” we “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda” 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 720-nji permany bilen baglydygy aýdylýar.

Bu kararyň jikme-jiklikleri we täze pasport almak düzgüneri resmi habarda görkezilmedi.

Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak islegi barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar we köpçülikleýin işsizlik sebäpli dowam edýär. Biometriki pasportlara islegiň güýçlenýän wagtynda häkimiýetler raýatlaryň ýurduň daşyna syýahat etmegini çäklendirýän päsgelçilikleri yzygiderli döredýärler, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýaşaýjylaryň, şeýle hem maşgalasynda sud edilen garyndaşynyň ýokdugyny tassyklaýan “uç arka” resminamasyny berip bilmedikleriň pasport üçin tabşyran arzalaryny hasaba almakdan we olara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwürýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Зайца» из Жешарта оштрафовали за поездки в московских электричках

Немного жести

«Настоящая дружба». Почему китаянка Гун восхищена визитом Путина в КНР

Российская компания Yadro показала ОС kvadraOS с поддержкой Android-приложений

Музыкальные новости

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.

В Калининграде впервые состоялись всероссийские соревнования по самбо «Кубок пяти морей»

На заводах АО "Желдорреммаш" внедряется автоматизированная система по рекламационно-претензионной работе “Астрея”

Обращение Аршака Карапетяна к соотечественникам

Новости России

Экс-голкипер Фильцов: Латышонок – герой "Балтики"

В АТОР рассказали подробности о проекте «Большое Золотое кольцо»

Москвичей приглашают на курсы по управлению эмоциями

«Зайца» из Жешарта оштрафовали за поездки в московских электричках

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Пермский край, Суксунский район

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Moscow.media

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *