Metbugat: Türkmenistan Russiýa garşy girizilen sanksiýalardan sowulmagyň öňüni almakda 'hyzmatdaşlyk eder'
Daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa - ÝB ministrler duşuşygynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.
“Esasy üns “Ýewropa Topary” maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi” diýip, Türkmen DIM-i bu çekişmeleriň energetika we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň gepleşikler üçin esas döredendigini belleýär.
Emma türkmen DIM-niň habarynda ÝB bilen sebitiň daşary işler ministleriniň arasynda geçirilen duşuşykdaky esasy mesele – sanksiýalardan sowlup geçmegiň öňüni almak meselesi asla agzalmaýar.
“Turkmen.News” neşiriniň duşuşyga gatnaşyjylaryň bilelikde çap eden beýanatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Lýuksemburgda Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri bilen geçirilen duşuşykda sanksiýalardan sowlup geçmäge garşy göreşde hyzmatdaşlyk yglan edildi we “Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine sanksiýalardan sowlup geçmäge garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek wadasyny berdi”.
“ÝB şu wagta çenli kabul eden çäklendiriji çäreleriniň 11 bukjasy barada gysgaça maglumat berdi we ÝB-niň yglan eden sanksiýalarynyň çägindäki netijelere gönükdirilen gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi, sanksiýalardan sowlup geçmegiň öňüni almagyň möhümdigini aýtdy” diýip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, ÝB-niň beýanatynda duşuşyga gatnaşan ministrleriň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge razy bolandyklary bellenýär.
Şol bir wagtda, ÝB-niň beýanatynda gürrüňi edilýän sanksiýalaryň haýsy ýurda garşy girizilendigi aýdylmaýar, “Russiýa” sözi asla agzalmaýar.
Türkmenistan Russiýa bilen Ukraiannyň arasynda barýan uruş, şol sanda Günbatar ýurtlarynyň Russiýa garşy girizen sanksiýalary barada hiç bir beýanat etmeýär.