Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda sim-kart nobaty döredi, satyn almak üçin 2024-nji ýylyň martyna ýazylmaly

Türkmenistanda mobil telefonlary üçin sim-kart gytçylygy saklanýar. Satyn almak isleýänleriň köpelýän wagtynda olaryň satuwda azalmagy uly nobatyň döremegine getirdi.

Türkmenistanyň günbatarynda ýakyn aýlarda sim-kart satyn almaga düýpden mümkinçiligiň ýoklugyna meňzeýär. Azatlygyň habarçylary sim-kart satýan nokatlarda nobatlaryň indiki ýylyň bahar aýlaryna çenli uzandygyny habar berýärler. Hususan-da Türkmenbaşyda sim-kart nobaty 24-ji ýylyň mart aýyna ýazylýar.

Üstesine, habarçylara görä, sim-kartlara bolan islegler köpelip, nobatlar ulaldygyça, müşderilerde bar bolan sim-kartlaryň elinden alynmagyna degişli ýagdaýlar döräpdir.

"Türkmenbaşy şäherindäki aragatnaşyk kärhanasynyň binasynda ýerleşýän Tmcell ofisinde nobatlaryň köpelen wagtynda müşderiler käbir garaşylmadyk ýagdaýa duçar bolýar, bu olaryň ulanýan sim-kartalaryna degişli. 1 raýat diňe 1 sim-kart satyn alyp bilýär, mundan ozal bir adama 2 sany sim-kart edinmäge rugsat berilýärdi. Şeýlelikde, häzir 1 adamyň adyna 2 sany sim-kart ýazylan bolsa noýabr aýyndan başlap raýatyň adyna duran sim-kartlaryň biriniň awtomatiki görnüşde öçüriljekdigi aýdylýar. Türkmenbaşy şäheriniň Tmcell edarasy muny öz müşderilerine duýdurýar" - diýip, habarçymyz 23-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Mundan öň sim-kart gytçylygy Aşgabatda-da güýçlendi. Geçen hepde Aşgabatdaky habarçylar paýtagtda sim-kartalaryň diňe üç ýerde satuwda peýda bolýandygyny, adamlaryň daňdan 5-de nobata durup, satylan wagtynda basa-baslyk döreýändigini 17-nji oktýabrda habar beripdi.

Türkmenbaşydaky habarçymyzyň ýerli aragatnaşyk bölümleriniň işgärlerine slagylanyp, aýtmagyna görä, sim-kart ýetmezçiligi diňe bir Balkan welaýaty bilen çäklenmeýär we onuň çözgüdi paýtagtyň merkezi edaralaryna bagly: "Aragatnaşyk bölümleriniň hünärmenleri sim-kart ýetmezçiligi bilen bagly nobatlar Aşgabatdan çözülmese welaýat derejesinde ellerinden geljek zadyň ýokdugyny aýdýarlar".

Ýerli aragatnaşyk bölümlerinde şu günler sim-kartlar hepdäniň 1,3, 4, we 5-nji günleri nobata görä, žeton boýunça satylýar. Hepdäniň duşenbe güni 1-nji topar maýyp adamlara, uruş weteranlaryna we owgan uruşuna gatnaşanlara olaryň nobatyna görä, sim-kart satylýar.

Şeýle-de bolsa, habarçylar sim-karty nobatsyz satyn almaga-da käbir mümkinçiligiň bardygyny belleýärler. "Nobatsyz Tmcell sim kartyny almak üçin 2 müň manat para soraýar" diýip, habarçy aýdýar.

Sim-kart ýetmezçiligi şu ýylyň baharynda güýçlendi. Dürli welaýatlarda ençeme wagtlap satylmadyk sim-kartlaryň peýda bolan wagtynda uly nobatar döredi. Häkimiýetler şeýle kynçylygyň döremeginiň sebäplerini ilata resmi derejede düşündirmedi. Azatlyk Radiosynyň TMCELL we "Altyn Asyr" kompaniýalardan resmi taýdan kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Bu aralykda raýatlaryň nobatlaryň döremeginden we paranyň sim-karta çenli gelip ýetmeginden nägileligi artýar.

"Adamlar sim-kart, biometriki pasport, un we ýag, keselhanalar hemmesi nobatly. Öý telefonuny almak üçin hem 3 aý nobata durmaly diýip, nägile bolýarlar. Aragatnaşyk iň bir girdejili pudak bolup, bu ýerde hem uly korrupsiýa ýol berýän, ýurdy barha ýapýan we sim-kart üsti bilen raýatlara gözegçiligi güýçlendirýän döwlet sýasaty adamlary närazy edýär" diýip habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolan TMCELL, rouming, çäksiz jaňlar we ýokary tizlikli internet ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bu maglumatlar kompaniýanyň resmi websahypasynda berilýär. TMCELL kompaniýasyny öz içine alýan "Altyn Asyr" hem öz müşderilerine “tehnologiki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli öýjükli hyzmatlary, halkara roumingini, mobil we durnukly internet hyzmatlaryny we telekanallary görmek mümkinçiligini" hödürleýändigini aýdýar.

Soňky ýyllarda ýurt dünýäniň iň ösen tehnologiýalaryny yzygiderli satyn alýar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistan sebitde we dünýäde iň haýal we gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Круговорот в Минпромторге: Алексей Беспрозванных едет в Калининград

РБК: кинотеатры России вернули пиратские фильмы после ультиматума прокатчиков

Собянин: Московскому метрополитену исполнилось 89 лет

Как живется Германии без российского газа

Музыкальные новости

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России

Продвижение Песен и Музыки в Плей-листах Яндекс.Музыка.

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

Новости России

Как живется Германии без российского газа

Гагариной стало плохо на премии «Жара Music Awards 2024» в Москве

Фельдшерский пункт открыли после ремонта в деревне Печерники

Круговорот в Минпромторге: Алексей Беспрозванных едет в Калининград

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Спорт в России и мире

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

В Подмосковье росгвардейцы почтили память Героев Великой Отечественной войны и возложили цветы к мемориальным комплексам региона.

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *