Blinken: ABŞ Eýran bilen uruşmak islemeýär, ýöne özüni gorar
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 24-nji oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Waşingtonyň Eýran bilen çaknyşmak islemeýändigini, ýöne Eýran ýa-da onuň wekilleri ABŞ-nyň adamlaryna haýsydyr bir ýerde hüjüm etse, ABŞ-nyň çalasyn we aýgytly hereket etjekdigini duýdurdy.
Blinken Ysraýyl bilen Eýran tarapyndan goldanylýan Hamas söweşijileriniň Gaza zolagyndaky konfliktiniň has giň urşa ýazmak ähtimallygy baradaky halkara aladalarynyň arasynda Geňeşe ýüzlenip çykyş etdi.
Şeýle-de, Blinken agza döwletleriň ählisini başga bir front açmagy göz öňünde tutýan islendik döwlete ýa-da döwlete degişli bolmadyk aktýora “oda ýag sepmezlik” barada bir bitewi habar ibermäge çagyrdy.