Federasiýa Geňeşi Ýadro synagyny gadagan etmek şertnamasynyň tassyklanmagyny ýatyrmagy goldady
Federasiýa Geňeşi 25-nji oktýabrda, prezident Wladimir Putiniň gol çekmegine hödürlemek üçin, bu kanun taslamasyny 156 ses bilen tassyk etdi. Oňa garşy çykan bolmady.
Parlamentiň aşaky palatasy, Russiýanyň Döwlet dumasy bu kanun taslamasyny şu aýyň başynda kabul etdi.
Putin bu çäräni 1996-njy ýyldaky şertnama gol çeken, emma ony hiç haçan tassyklamadyk ABŞ-nyň pozisiýasyny "gaýtalamak" hökmünde häsiýetlendirdi.