Baýden ysraýylylaryň palestinalylara garşy ar alyş hüjümlerini ýazgarýar
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 25-nji oktýabrda Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla guran hüjümlerinden soň Günbatar Kenardaky palestinalylara bu ýere göçüp gelen ysraýyllylar tarapyndan edilen ar alyş hüjümlerine garşy çykyş etdi.
Baýden "ekstremist göçüp gelenleriň" hüjümleriniň Ýakyn Gündogardaky ýangyna "benzin guýmak" bilen deň bolandygyny aýtdy. “Ol duruzylmaly. Olar jogapkärçilige çekilmeli. Bu häziriň özünde ol duruzylmaly" diýip, Baýden Ak tamda Awstraliýanyň premýer-ministri Entoni Albanese bilen bilelikde beren metbugat ýygnagynda aýtdy.
Şeýle-de, Ysraýyl-Palestina konfliktini soňlamak üçin, Baýden iki döwletli çözgüdi üstünde işlemegi maslahat berdi.