Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Býujetçilerden, talyplardan gazet-žurnallara abuna ýazylmak talap edilýär

Býujetçilerden, talyplardan gazet-žurnallara abuna ýazylmak talap edilýär

Türkmenistanyň býujet edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda gazet-žurnallara 2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Häkimiýetler neşirleriň hem onlaýn, hem-de kagyz görnüşlerine ýazylmagy, şeýle-de degişli töleg kwitansiýasyny hödürlemegi talap edýärler.

Lebapdaky habarçymyz berk döwlet gözegçiligindäki gazet-žurnallaryň mazmunynyň okyjylarda köplenç gyzyklanma döretmeýändigini, goşmaça mejbury çykdajylaryň bolsa, maşgala býujetine agram salýandygyny aýdýar.

“Lebabyň döwlet edaralarynyň işgärleri öňümizdäki ýylyň ýanwar-iýun aýlary üçin neşirleriň onlaýn görnüşi üçin 60 manat, öýe gelýän kagyz görnüşleri üçin hem 50 manat tölemeli. Munuň bilen bagly, ýerli poçta edaralarynyň üsti bilen 110 manat möçberinde töleg geçirilendigi baradaky kwitansiýasany hem edaranyň hasaplaşyk bölümine hödürlemeli. Ýolbaşçylar 10-njy noýabra çenli soňky möhleti kesgitlediler” diýip, ýerli býujetçileriň biri 26-njy oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi we bu talapdan boýun gaçyranlara ‘käýinç’ berilýändigini nygtady.

Ol sebitdäki edaralaryň işgärlerinden neşirleriň kesgitlenen görnüşlerine abuna bolmak soralýandygyny, şol bir wagtda käbir býujetçilere zähmet çekýän pudagyna degişli beýleki neşirlere hem goşmaça ýazylmak soralýandygyny aýtdy.

“Bilim işgärlerine, mugallymlara we terbiýeçilere ‘Türkmen dili’, ‘Mugallymlar gazeti’ we beýleki syýasy äheňli neşirlere dagy goşmaça abuna ýazylmak soralýar. Netijede ýene-de goşmaça 20 manat möçberinde çykdajy etmeli bolýar” diýip, ýagdaýlary başdan geçirýän söhbetdeşimiz habarçymyza aýtdy.

Mejbury abuna talaby ýokary okuw jaýlarynyň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň hem talyplaryna degişli bolup dur. Habarçymyz bu mejburyýetiň döwletden stipendiýa alman, öz hasabyna okaýan ýaşlara, olaryň ene-atalaryna hasam köp agram salýandygyny belleýär.

“Talyplar okuw töleginden daşgary-da, agaç nahallaryny satyn almak, okuw jaýyny, otaglary we umumy ýaşaýyş jaýyny abatlamak, sport egin-eşiklerini, telpek we köýnek ýaly milli geýimleri satyn almak üçin hem pul çykarmaly bolýarlar. Bular ykdysady krizis sebäpli gün-güzeranyny zordan aýlaýan hojalyklara onsuz hem goşmaça agram salýar. Häkimiýetleriň mejbury abuna talaby gaty artykmaç” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi öz maşgalasynda dört adamyň şol bir görnüşli neşirlere ýazylmaga mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

Ol ýerli gazet-žurnallaryň mazmunynyň okyjylarda köplenç gyzyklanma döretmeýändigini, olarda aglaba şol bir habarlaryň çap edilýändigini hem sözüne goşdy.

Metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýän Türkmenistanda metbugat serişdeleri berk döwlet gözegçiligi astynda galýar. Gazet-žurnallaryň baş redaktorlary prezident tarapyndan wezipä bellenilýär.

Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça 2023-nji ýylda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 176-njy orunda ýerleşdirildi. Hasabatda geçen ýyl häkimiýet başyna Serdar Berdimuhamedowyň gelmegi bilen, ýurtda senzuranyň we gözegçiligiň gaýtadan güýçlendirilendigi nygtalýar.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden ýylyň dowamynda iki gezek gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talap edilýär. Mejbury okyjy çekmek boýunça bu işlere güýz we ýaz aýlarynda badalga berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

Приморские пэйнтболисты попали в финал Кубка России  

Кто и куда бежит? Кадровый переполох в Минобороны

В Псковской области падает спрос на акушерок - исследование

Музыкальные новости

Запреты на посещение лесов действуют в 14 районах Беларуси

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Новости России

Аэропорт «Красноярск» продолжает реализацию проекта международного транспортно-логистического хаба

Музейный комплекс «Россия — моя история» проведет день открытых дверей

В Туле суд выпустил на свободу кавказца, который вместе с братом избил девушку

Новосибирскую школьницу, изрезавшую одноклассницу, отправили на экспертизу в Москву

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

10 полезных продуктов для сердца

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Спорт в России и мире

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Краски севера IV

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *