Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň “täze nusgasynda ‘milleti’ bölümi aýrylýar”

Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň “täze nusgasynda ‘milleti’ bölümi aýrylýar”

Türkmenistanda raýatlyk pasportynyň ýakynda girizilmegi göz öňünde tutulýan täze nusgasynda şahsyň “milleti” diýen bölümi aýrylar. Bu barada Azatlygyň habarçysy ýagdaýlardan habarly Içeri işler ministrligindäki çeşmesine salgylanyp aýdýar. Bu maglumaty häzirlikçe resmi ýagdaýda tassykladyp bolmady.

Mundan ozal, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan milli azlyklaryň wekilleri raýatlaryň şahsyýetini görkezýän resminamalarda pasportyň eýesiniň “milletini” görkezmek bilen, olaryň degişli bolan milli etniki toparynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň hem ýurtda näresmi ýagdaýda alnyp barylýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çäginde özleriniň ‘ýanamalara sezewar edilmegine esas bolýandygyny’ aýdypdylar. Ýogsa, ösen döwletleriň tejribelerinde pasportyň eýesiniň “milleti” diýmek bilen, olaryň raýatlygy göz öňünde tutulýar.

21-nji oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasyny we ýazgysyny, ony resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, şeýle-de ondan peýdalanmagyň kadalaryny tassyklady.

Bu karara çenli raýatlyk pasportynyň täze nusgasynyň girizlmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar çykmandy.

Şol bir wagtda, prezidentiň kararynda pasportyň täze nusgasynyň girizilmeginiň sebäpleri we onuň aýratynlyklary aýdyňlaşdyrylmaýar.

Azatlyk ýokarky aýdyňsyzlyklar, şeýle-de pasportyň täze görnüşinde raýatyň “milleti” diýen bölüminiň aýrylmagy boýunça Içeri işler minisrliginden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Geçen ýyllarda, türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy erjellik bilen öňe sürýän “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde, resmiler raýatyň şahsyýetini görkezýän resminamalarda milli azlyklaryň wekillerine özleriniň milletini “türkmen” diýip ýazdyrmaga çenli mejbur etdi.

Azatlyk ýyllarboýy Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda pasport almakdaky bökdençlikleri, işe we okuwa girmekdäki meseleleri, medeni hukuklaryndan mahrum edilmegi barada dowamly habar berip gelýär.

Şu ýyldan bäri bolsa, türkmen häkimiýetleri esasan hem etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap sebitlerinde toýlarda milli türkmen halk aýdymlaryny aýtdyrmagy, dürli dabaralara diňe türkmenlere mahsus milli lybaslarda gelmegi dilden talap edip başladylar.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda etniki özbekler we gazaklar ýurduň käbir mekdeplerinde öz ene dillerinde bilim alyp bilýärdiler. Ýöne 2000-nji ýyllarda şeýle mümkinçilikler aradan aýryldy.

Mundan başga-da, ýurtdaky milli azlyklaryň hukuklaryny gün tertibine getirýänler basyşlara sezewar edilýär. Türkmenistandaky buluç azlygynyň hukuklaryny goramakda tanalýan Mansur Mingelow, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä öz alyp baran jemgyýetçilik işi üçin ar almak maksady bilen toslanan aýyplamalar esasynda, 2012-nji ýylda 22 ýyl türme möhletine höküm edilipdi.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň gozgaýan ýokarky meseleleri boýunça soraglaryny jogapsyz goýýarlar. Şol bir wagtda, şu ýyl Türkmenistan "jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygyny we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygyny" öňe sürdi.

Türkmenistanyň resmileri bu barada 21-22-nji awgust aralygynda BMG-niň Ženwadaky edarasynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş etdi.

Türkmen wekilleri hususanda ýurtda jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, muňa delil hökmünde kanuny namalary agzadylar, ýöne başga jikme-jik getirmediler.

Hasabatda ýurduň 7 milliondygy aýdylýan umumy ilatynyň 14%-ni beýleki milletleriň wekilleriniň düzýändigini, olaryň sanynyň 936 müňden hem aşýandygyny bellenildi. Türkmenistanda 61 milletiň wekilleri ýaşaýandygy aýdylsa-da, olaryň etniki gelip çykyşy we degişlilikdäki sany barada hiç hili maglumat berilmedi.

Türkmenistanda buluç, tatar, rus, ermeni, gazak we özbek ýaly özge milletleriň wekilleri bar.

Türkmenistanda soňky ýyllar ykdysady ýagdaýlaryň agyrlaşmagy we esasy azatlyklaryň hasam gysylmagy arasynda, etniki azlyklaryň wekilleri ýaşap oturan Türkmenistanyny köpçülikleýin ýagdaýda hemişelik terk edip başladylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Псковской области падает спрос на акушерок - исследование

Айсен Николаев подписал кадровые указы

Кто и куда бежит? Кадровый переполох в Минобороны

Музейный комплекс «Россия — моя история» проведет день открытых дверей

Музыкальные новости

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Россия, Бурятия, Культура и Дети: Байкальская театральная школа прошла в Иволгинском районе Бурятии

Новости России

Подруги «феи марафонов» Блиновской создали петицию в ее защиту

Синоптики спрогнозировали в Москве до 20 градусов тепла и небольшой дождь 16 мая

Айсен Николаев подписал кадровые указы

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

Экология в России и мире

10 полезных продуктов для сердца

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Пермский край, Суксунский район

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *