Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenbaşyda çilim satýan hususy dükanlar barlanýar

Türkmenbaşyda çilim satýan hususy dükanlar barlanýar

Türkmenistanda çilim söwdasy häkimiýetleriň üns merkezinde galýar. Munuň netijesinde şu günler çilim ýene-de satuwda azaldy ýa-da ýok boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenbaşyda çilim satýan dükanlarda reýd geçirilendigini habar berýärler. 

Çilimiň dürli görnüşlerini satýan hususy dükanlaryň tas ählisinde, şol sanda "Gülälek", "Ýedi gün", "Aşgabat", "Şanly", "Bahar", "Çynar" atly dükanlarda temmäki önümleri doly satuwdan aýrylypdyr.

Bu barada 26-njy oktýabrda maglumat beren Azatlygyň ýerli habarçysy munuň dükanlarda geçirlen barlaglar bilen baglydygyny aýtdy: "Dükanlarda ýekeje däne çilim tapylmaz derejä çenli barlap, tapylan çilimler döwlet haýryna geçirildi, dükan eýelerini hem uly jerime tölemeli etdiler".  

Türkmenbaşynyň hususy dükanlarynda reýdler şu hepdäniň sişenbe gününden geçirlip, başlanypdyr. Barlaglar şäherde temmäki önümleriniň söwdasy bilen meşgullanýan hususy dükanlarda geçirilipdir.

Hususy dükanlara çilim satmak gadagan edilýär. Çilimiň söwdasyna degişli ähli meseleler döwletiň garamagynda galýar.

Döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy çäkli möçberde amala aşyrylýar, adam başyna diňe bir ýa-da iki guty çilim satylýar. Bu ýagdaýda hususy söwda nokatlarynda çilimiň söwdasy gizlin görnüşde alnyp barylýar.

Türkmenbaşydaky habarçymyz şäherde geçirilýän häzirki reýdleriň netijesinde çilimiň gytalandygyny we gymmatlandygyny habar berdi: "Bu reýdleriň netijesinde käbir hususy taraplardan çilimi tapsa bolýar, emma ozal gutusy 70 manat bahalanan çilimler indi 100 manada, öň 80 manat bolan çilimler 125 manada çenli gymmatlady. 

Türkmenistanyň hökümeti ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek planyny yglan edensoň çilimkeşlere we çilim söwdagärlerine wagtal-wagtal basyşy güýçlendirýär.  

Çeşmeler, häzirki tapgyrlaýyn reýdleriň güýçlenmegini bu senäniň golaýlamagy bilen baglanyşdyrýarlar we 2024-nji ýylda temmäkä garşy göreşiň has uly göwrümde alynyp baryljagyny aýdýarlar. Çilim satýan hususy dükanlara garşy reýdler tomus aýlarynda Lebap welaýatynda hem geçirilipdi.

Çilim satýan dükanlardaky barlaglara polisiýanyň we salgyt edaralarynyň işgärleri gatnaşýar.      

Ýurtda çilim gytçylygy ençeme ýyl bäri saklanýar, çilimkeşlere dürli gadagançylyklar girizildi. Emma bu çilim çekilmegini azaltmaýar, çilimkeşlikden saplanmak ýaly sagdynlyk maksatlary iş ýüzünde orun tapmaýar.   

"Döwlet näçe çilimkeşlige garşy göreş alyp barsa-da, diňe bir taraplaýyn. Döwlet diňe öz bähbidini bilýär, halky, raýatlary barada pikir etmeýär. 50 ýyl bäri çilim çekip gelýän raýatlar bar olar bir bada çilimi goýup bilmeýär. Medisina kömegi gerek ýa-da dermanhanalarda nikotinli sakgyç, tabletka, plaster ýaly zatlar satylmaly. Ýöne bu serişdeler Türkmenistanyň ýekeje dermanhanasynda hem ýok. Diňe gadagan etmek bilen ýagdaýa çemeleşýärler" diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda çilime garşy göreş 2016-njy ýylda güýçlendi. Şol ýylyň başyndan bäri ýurtda temmäki önümleriniň söwdasy ýiti çäklendirildi, bu babatda ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Ставка на качество: вопросы технологической безопасности приобретают первостепенное значение

В Туле суд выпустил на свободу кавказца, который вместе с братом избил девушку

Следком России ищет приезжего из Азербайджана из-за его желания убивать в ЯНАО

Когда нужно и не нужно уведомлять ФНС о начисленных налогах

Музыкальные новости

Россия, Бурятия, Культура и Дети: Байкальская театральная школа прошла в Иволгинском районе Бурятии

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Новости России

В Туле суд выпустил на свободу кавказца, который вместе с братом избил девушку

Дружба с Львом Яшиным, головокружительная карьера и яркие романы футболиста Франца Беккенбауэра

15 мая День рождения Королевы эпизодов советского кино

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

Экология в России и мире

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *