BMG-niň agentligi Gaza üçin “üznüksiz” kömek gerek diýýär
Daşy gabalan Palestina territoriýasy, Ysraýylyň Hamas hüjümleri sebäpli üç hepdä golaý amala aşyran bombalamalaryndan soň dörän ynsanperwerlik krizisi netijesinde, ‘üznüksiz”, ýagny arasy kesilmeýän kömege mätäç diýip, BMG aýdýar.
BMG-niň palestinaly bosgunlar gullugynyň baş komissary Filipp Lazzarini Gaza zolagy üçin "doly manysyndaky we üznüksiz" kömegiň zerurdygyny aýtdy. Ol bu sebite gelip girýän kömegiň juda ujypsyz bolandygyny öňe sürdi.
"Häzirki sistema şowsuzlyga uçrady. Zerur gerek zat doly manyly we üznüksiz kömek akymy. Üstünlik gazanmak üçin, bu kömegiň mätäçlere ýetmegini üpjün etmek üçin bize ynsanperwerlik ylalaşygy gerek" diýip, Lazzarini aýtdy.