Rus häkimiýetleri AÝ/AR-nyň žurnalistine 'daşary ýurt agenti' kanunyny bozmak aýyplamasyny bildirdi
Derňew komiteti Kurmaşewanyň Jenaýat kodeksiniň "Russiýanyň harby, harby-tehniki pudagynda matlaply maglumat ýygnamagy" amala aşyrýan daşary ýurtly agentleriň bellige alynmagyna degişli bölümi boýunça jogapkärçilige çekilendigini yglan etdi. Rus häkimiýetleri bu diýilýän maglumatlaryň, eger-de ellerine düşse, daşary ýurt çeşmeleri tarapyndan "ýurduň howpsuzlygyna garşy ulanylyp bilinjekdigini" öňe sürýär.
Derňew komiteti öz derňewiniň onuň Russiýanyň Adalat ministrliginiň daşary ýurt agentleri sanawyna goşulmandygyny ýüze çykarandygyny, Kurmaşewanyň degişli bellige alynmak üçin zerur bolan resminamalary bermändigini aýtdy. Kurmaşewa bu aýyplamany ret edýär.