Gazak käninde ölen 46-njy pidanyň jesedi tapyldy
HOLA habar gullugynyň maglumatyna görä, Karagandy sebitindäki kömür käninde bolan ýangynda ölen 46-njy pidanyň jesedi tapyldy.
28-nji oktýabr güni, ir sagatlarda turan ýangyn Kostenko käninde 252 töweregi adamyň ýer astynda işleýän wagtyna gabat geldi diýip, ArcelorMittal, dünýäde ikinji orunda durýan polat öndüriji kompaniýa aýtdy. Ýangyn turan wagtynda ýer astynda işleýän magdançylaryň 206-sy özbaşdak ýagdaýda ýer astyndan çykmagy başardy.
DNK synaglary ýurduň post-sowet taryhynda bolup geçen iň heläkçilikli hadysada tapylan jesetleriň şahsyýetini kesgitlemek üçin geçirilýär.
29-njy oktýabr Gazagystanda, merkezi Karagandy sebitindäki kömür käninde bolan ýangynda ölen adamlaryň hatyrasyna, milli ýas güni diýlip yglan edildi.