Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşary ýurtlarda okamakçy bolýan ýaşlar wiza, bilet we resminama almak üçin 50 müň manada çenli ‘para bermeli bolýar’

Russiýanyň Penza döwlet uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sanyny köpeltmek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanlylar bu ylalaşyklaryň özlerine tas hiç hili bähbidiniň ýokdugyny belleýärler we häkimiýetleriň "döredýän emeli kynçylyklaryndan" sowlup geçip, daşary ýurlarda okamaga gitmek üçin onlarça müň manat para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän ylalaşyk Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky konsuly Güýç Garaýewiň we ikinji sekretar Aşyrali Nazarowyň 16-njy oktýabrda Penza döwlet uniwersitetiniň rektory Aleksandr Gulýakow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.

Uniwersitetiň rektorynyň halkara çäreleri boýunça orunbasary Gleb Sinsow häzirki wagtda Türkmenistanyň 253 raýatynyň bu ýokary okuw jaýynda okaýandygyny hem aýtdy. Şeýle-de, ol soňky üç ýylda Türkmenistandan Penza döwlet uniwersitetinde okaýan talyplaryň sanynyň 20 esse artandygyny belläp, 2021-nji ýylda bu sanyň 8-e deň bolandygyny aýtdy.

Türkmenistan Russiýanyň bilim edaralary bilen ylalaşyklaryň gazanylýandygyny yglan edýän mahaly, türkmen raýatlarynyň ençemesi daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçilikleriniň emeli kynçylyklar zerarly bökdeýändigini aýdýar.

“Ylalaşyklar ýeterlik gazanylýar diýip aýdyp bolar, ýöne iş ýüzünde 50% ýerine ýetirilýär. Sebäbi Russiýa Balkandan okamaga gidýän raýatlaryň tas 100%-i para berip wiza alýar, para berip resminamalary doldurýar, para berip uçar biledini satyn alýar. Para bermeseň, häkimiýetler emeli býurokratik kynçylyklary döredýärler we wiza, bilet, resminama almak ençeme aýa çenli uzap bilýär. Diňe Russiýa okamaga gitmek üçin däl, Türkiýe we Gazagystan ýaly döwletlere okuw wizasyny almak üçin-de para bermeli” diýip, balkanly ýaşlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Mary welaýatyndaky habarçymyz Russiýada okamaga gitmek isleýän ýaşlaryň diňe ýurtdan çykmak üçin azyndan 50 müň manat çykdajy etmelidigini, munuň aglabasynyň wiza, bilet we resminama almak üçin berilýän paradygyny aýdýar.

“50 müň manat Merkezi bankyň kursunda 14 müň ABŞ dollaryndan hem geçýär. Bu okuw jaýyna berilýän töleg däl-de, diňe ýurtdan çykmak üçin sarp edilýän serişde we para. Diňe okuw wizasyny almak üçin 10 müň manat para berilýär” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Ýewropa ýurtlaryna okamaga gitjek raýatlaryň çykdajysy has-da köp bolup, ortaça 200 müň manada barabar bolýar. Ýewropa ýurtlarynda okamaga gitjek raýatlardan diňe wiza üçin azyndan 30-40 müň manat para soralýar.

"Köp adamyň bu serişdäni tölemäge maddy mümkinçiligi ýok. Şol sebäpli köp adam çagalaryny Russiýa, Türkiýe we Gazagystan ýaly ýurtlara okuw iberýär" diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Bilim ministrliginden maglumat alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden her ýyl ýurt boýunça 80-90 müň töweregi okuwçy uçurym bolýar we olardan 20 müň töweregi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär.

Muňa garamazdan, türkmenistanlylar indi onlarça ýyl bäri ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin ýüzlerçe müň manat möçberinde para bermäge mejbur bolýandyklaryny we ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise garamazdan, onuň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny aýdyp gelýärler.

Bu ýagdaýlar, türkmenistanlylaryň köpüsiniň ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä, Russiýa, Gazagystana gitmäge ýykgyn etmegine getirýär. Ýöne häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçiligini hem indi ençeme ýyl bäri çäklendirip gelýärler. Ýokary bilim üçin daşary ýurda barýan ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar.

Şu aýyň başynda Balkanyň häkimiýetleri daşary ýurtda ýokary okuwyny tamamlap gelen 25 çemesi raýaty Türkmenbaşynyň aeroportundan dessine harby gulluga alyp gitdiler.

Türkmenistanlylaryň daşary döwletlere gitmegi we ýurda dolanyp gelmegi üçin zerur bolan biometriki pasport almak mümkinçilikleri hem ýiti çäklendirilip, geçen hepde bu iş ýurduň käbir şäherlerinde düýpli togtadyldy.

Türkmenistanyň hökümeti 2019-njy ýylda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny hem çap etdi. Daşary ýurtlarda öz hasabyna ýokary bilim alýan türkmen ýaşlary Türkmenistanda halkara pul geçirmeleri bilen bagly kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Педагог асбестовского лицея представляет на всероссийском форуме наш регион

Суд продлил арест фигуранту дела о теракте в «Крокусе» Файзову

На Иви стали доступны вторые сезоны «Дракошии», «Улётной доставки» и «Тикабо»

В Подмосковье обсудили вопрос пресечения незаконной установки рекламных баннеров

Музыкальные новости

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.

Новости России

В Подмосковье обсудили вопрос пресечения незаконной установки рекламных баннеров

Суд продлил арест фигуранту дела о теракте в «Крокусе» Файзову

Томский стенд на выставке "Россия" отмечен премией "За гостеприимство"

Педагог асбестовского лицея представляет на всероссийском форуме наш регион

Экология в России и мире

Страдания юного Аюша Булчун

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Звуковая зубная щетка Revyline RL060 White и зубная паста Revyline Smart заказать в Назрани

10 полезных продуктов для сердца

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Танцы с ветром....

Краски севера V

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *