BMG-niň başlygy Ysraýyl-Hamas konfliktiniň ýitileşmegine “çuňňur alada” bildirdi
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreş Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky konfliktiň ýitileşmegi bilen “çuňňur alada galýandygyny” aýtdy.
Bu ýitileşmä “Ysraýylyň goranmak güýçleriniň howa zarbalary bilen alyp barýan ýer operasiýasy, şeýle-de Gazadan Ysraýyla garşy atylýan raketalar hem degişli” diýip, Guterreş 31-nji oktýabrda beýanat bilen çykyş edi.
Şol bir wagtda, ol “Hamasyň 7-nji oktýabrdaky Ysraýyla garşy amal eden terror aktlarynyň ýiti ýazgarylýandygyny” ýene bir gezek nygtady.