Ysraýylyň gury-ýer güýçleri Gaza şäheriniň ugry boýunça ilerleýär
2-nji noýabrda Ysraýylyň gury-ýer güýçleri Gaza şäheriniň ugry boýunça öňe ilerlediler.
Bu aralykda, ABŞ we Arap döwletleri Hamasyň dolandyrýan anklawyň gabawyny gowşatmak, şeýle-de asuda ilata hemaýat üçin çaknyşyklary azyndan gysga wagtlyk togtatmak ugrundaky diplomatik tagallalaryny güýçlendirdiler.
Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden gumanitar “arakesmäni” hödürledi.
Görnüşinden ABŞ, Müsür, Ysraýyl we Hamas bilen gepleşiklerde araçylyk edýän Kataryň arasynda gelnen ylalaşygyň çäginde, daşary ýurt pasportly ýüzlerçe palestinala we onlarça ýarala Gaza sebitini ilkinji gezek terk etmäge ygtyýar berildi.
2-nji noýabrda ýene onlarça adam sebiti terk etdi.