Aşgabatda “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” forumy geçdi
1-nji noýabrda Aşgabatda “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçdi.
Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ähmiýetli sebit meseleleri, foruma gatnaşýan döwletlerde ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, şeýle-de milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de işler barada beýan etdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Resmi maglumata görä, depleşikleriň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagy dowam etdirmek baradaky umumy pikir beýan edilipdir.
Forumyň çäklerinde prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Günorta Koreýanyň baş diplomatlary bilen hem aýra-aýralykda duşuşyklary geçirdi.