Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda gyzamyk keseli ýaýraýar

Türkmenistanda gyzamyk keseli ýaýraýar

Türkmenistanda gyzamyk keseli ýaýraýar. Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanalarynda gyzamyk bilen kesellän çagalaryň sany köpelýär. Esasan çagalaryň arasynda ýaýraýan bu keseliň paýtagtda peýda bolandygyny we ýaýraýandygyny ýerli habarçylar saglyk we bilim wekillerine salgylanyp habar berýärler.  

"Häzir Aşgabat şäheriniň Çoganly etrabyndaky Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň hassahanasynda ýüzlerçe çaga ýatyr. Gyzamyk bilen kesellänleriň köpüsi çagalar baglaryna gatnaýar. Hassalaryň köpdügi sebäpli lukmanlar ýokanç kesele ýolugan çagalaryň hemmesine zerur medisina kömegini bermekde kynçylyk çekýärler" diýip, habarçymyz lukmanlara salgylanyp, 2-nji noýabrda habar berdi

Keselhanada ýatan çagalaryň ene-atalary uly howsala düşýärler. Sebäbi çagalar izolýasiýada saklanýar. Olaryň yzyndan hatda nahar eltip bermäge-de rugsat berilmeýär. Ene atalara keselhananyň aşhanasynyň telefon nomeri berilýär we şol ýere jaň edip, nahar zakaz etmek teklip edilýär.     

"Çagalaryň ene-atalary öz perzentleriniň saglyk ýagdaýyndan howsala düşüp, lukmanlar bilen gürleşmekçi bolýarlar, çagasynyň ýagdaýyny hut lukmanyň özünden eşitmäge synanyşýarlar. Emma lukmanlarda her bir ene-ata bilen aýratynlykda gürruňdeş bolmaga we soraglaryna jogap bermäge mümkinçilik bolmaýar" diýip, anonim gürlän lukman aýdýar.

Bu aralykda çagalar baglarynda kiçi ýaşly çagalaryň arasynda ýaýraýan gyzamyk keseliniň köpelmek töwekgelçiliginiň saklanýandygyny habarçymyz belleýär. 

"Mekdepden kiçi ýaşly çagalaryň arasynda gyzamyk keseliniň çalt depginde ýaýramagy dowam edýär. Onuň ojagy Aşgabat şäherinde ýerleşýän çagalar baglary bolup durýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Şeýle-de bolsa, saglyk we bilim işgärleri bilen gürleşen habarçymyzyň sözlerine görä, çagalar baglary kesellän çagalaryň bardygyna garamazdan, işlemegini dowam etdirýär. Bilim resmileri özlerine Bilim ministrliginden görkezme berilmändigini aýdýarlar.

"Ýokary wezipeli emeldarlar bu ýokanç keseliň çagalar baglarynda ýaýramagyň töwekgelçiligine garamazdan, çagalary howp astynda goýýarlar we bu meselani çözmäge borçly mejlisdir, prezidenti bihabar goýup, meseläniň ýitileşmegine hem çuňlaşmagyna sebäpkär bolýarlar" diýip, anonim gürleşen bilim işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň keselhanalaryndan resmi görünüşde maglumat alyp bilmedi. Saglyk we Bilim ministrlikleri bilen habarlaşmak boýunça edilen birnäçe synanyşyk oňyn netije bermedi.   

Gyzamyk öňüni alyp bolýan, ýöne ýokary derejeli ýokanç kesel hasaplýar. Ol çaganyň ölümine sebäp bolup, ömürlik maýyp hem edip bilýär.

Gyzamygyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar şu wagt Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem ýüze çykdy.

Goňşy Gazagystanda gyzamyk keseli güýzüň başyndan bäri çalt köpelýär. Käbir sebitlerde ýokanç kesellerini bejerýän hassahanalar dolup, yzy kesilmeýän näsaglary kabul etmek üçin ýer tapylmaýar.

Gazagystanyň Saglyk ministrligine görä, ýurtda ýylyň fewral aýyndan bäri 10 müň hadysa hasaba alnypdyr, hassa çagalaryň 80 prosenti 14 ýaşa çenli çagalar. Olaryň köpüsine gyzamyk sanjymy edilmändir.

Gyrgyzystanda gyzamyk awgust aýynda köpeldi. Bu kesel zerarly çagalaryň arasynda ýogalanlaryň hem bolandygyny habar berildi. Sentýabr aýynda ýurtda gyzamyga garşy waksinasiýa geçirmek işlerine başlandy. Ýurduň saglyk resmileri netijede keseliň esli azalandygyny habar berdiler. Bu ýurtda şu ýylyş başyndan bäri 2842 adam keselläpdir, aglaba köpüsi çagalar. 

Türkmen resmileri we habar serişdeleri ýurtda gyzamyk keseliniň ýaýraýandygy barada, başga-da ýokanç keseller bilen baglylykda bolşy ýaly, köpçülige habar berdmediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Подольске в детском саду «Ласточка» приступили к кровельным работам

Свыше 650 дольщиков ЖК «Малая Истра» получили ключи от квартир

Курскую область возглавил выпускник орловского вуза

Наряд вне очереди!

Музыкальные новости

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

Аналитики оценили изменение высоты новостроек в городах России за 5 лет

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Новости России

Краснокнижных луговых луней зафиксировали на юге Подмосковья

Масштабную выставку «Под куполом» подготовили цифровые художники к тысячелетию Суздаля

«Россия и не подумает вмешиваться»: в Турции назревает военный переворот

Оскорбившего участников СВО блогера из Москвы арестовали

Экология в России и мире

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

«Байкал Сервис» открыл новый терминал площадью почти 4500 кв. м на юго-востоке Москвы

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *