Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda bag ekişine taýýarlygyň çäginde köpçülikleýin ýowar geçirilýär

Türkmenabatda bag ekişine taýýarlygyň çäginde köpçülikleýin ýowar geçirilýär

Türkmenistanda 4-nji noýabrda güýzki ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimiýetleri bu çäre üçin taýýarlyklara şu hepdäniň duşenbe gününden başlap, munuň bilen baglylykda köpçülikleýin ýowar geçirýärler. Bu ýagdaýlar barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýazky ählihalk bag ekmek çäresinde ekilen bag nahallarynyň gurap galandygyny, käbirleriniň goparylyp, başga meýdançalara ekilendigini hem aýdýar.

“30-njy oktýabrdan bäri elleri sübseli işçiler şäheriň merkezi köçeleriniň ugrundaky döwlet edara-kärhanalarynyň öňlerini, ýollary süpürip, arassaçylyk işlerini geçirýärler” diýip, habarçymyz 2-nji noýabrda aýtdy.

Şeýle ýowarlar Türkmenabadyň orta hünärment mekdepleriniň okuw binalarynyň çäginde hem geçirilýär. Bu ýowarlara köpçülikleýin gatnaşýan talyp ýaşlary giň gerimli arassaçylyk işlerini berjaý edýärler.

“Talyp oglanlaryň bag ekmek işlerine çekilýändigini görmek bolýar. Elleri sübseli talyp gyzlar tehnikum binasynyň daş-töweregini, ýodajyklaryny süpürýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Edara-kärhanalaryň we hünär mekdepleriniň çägindäki ýowarlaryň käbirleri metbugat işgärleri tarapyndan wideo düşürilip, döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportažlar hem taýýarlanýar.

Bu çäreler, prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli resmilere ýurtda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ministrler Kabinetiniň 30-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde bu çäräniň ýurduň Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde şäherleriň we obalaryň töwereginde bagly meýdanlary artdyrmak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygy habar berildi.

Türkmenistanda ýylda iki gezek – bahar we güýz aýlarynda – geçirilýän bu çärä jemgyýetçilik guramalary, býujet işgärleri we talyplar gatnaşdyrylýar. “Ekologiýa abadançylygyna gönükdirilendigi” aýdylýan bu çäräniň dowamynda her ýyl millionlarça düýp bag nahaly ekilýär.

Emma habarçylarymyz bu dabaralaryň diňe göz üçin, hasabat berip, telewideniýede görkezmek üçin geçirilýändigini, ozalky ýyllarda ekilen agaçlaryň köpüsiniň idegsizlikden guraýandygyny ýa-da gurluşyk sebäpli häkimiýetler tarapyndan ýok edilýändigini aýdyp gelýärler.

Lebapdaky habarçymyz şu ýylyň bahar paslynda geçirilen ählihalk bag ekmek çäresinde ekilen bag nahallarynyň gurap galandygyny, käbirleriniň goparylyp, başga meýdançalara ekilendigini aýdýar.

“Mart aýynda Türkmenabadyň täze gurlan awtomenziliniň öňündäki uly meýdançada bir müň düýp bag nahaly oturdyldy. Bu dabara wideo ýazga düşürilip, türkmen TW-sinde görkezildi. Ýöne iň gyzyk ýeri... şol dabaradan 10 gün geçip-geçmänkä bu müň düýp bagy goparyp alyp, olary şäheriň günortasynda, täze aeroporta barýan ýoluň ugrunda gurlan köp gatly jaýlaryň öňündäki meýdançalara oturtdylar. Bu baglaryň köpüsi gurap galdy” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary indi onlarça ýyl bäri ählihalk ýowaryny geçirip, bag nahallaryny oturtmak çäresini geçirýärler. Bu çäräniň dowamynda her ýyl azyndan 3 million düýp bag nahalynyň oturdylýandygy yglan edilýär. Emma häkimiýetler bu işiň netijeleri, şol sanda hakykatda näçe bagyň düýp tutandygy, häzire çenli saklanyp galan ýa-da gurap galan agaçlaryň anyk sany barada maglumat bermeýärler.

Türkmen häkimiýetleri 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million bag nahalynyň, 2020-nji ýylda ýurt bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million bag nahalynyň ekilýändigini yglan edipdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Разгром «самураев» на Халхин-Голе заставил японских милитаристов уважать мощь нашей страны

Сергей Собянин: Обеспечим ученикам комфортные условия

В России начнется сертификация туристических услуг по стандарту Muslim Friendly

В Москве задержали двух врачей клиники пластической хирургии Хайдарова

Музыкальные новости

Брестское «Динамо» и «Гомель» сыграли вничью в чемпионате Беларуси

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Тороп берет: как вратарь ЦСКА повлиял на расклад в чемпионской гонке

Новости России

Разгром «самураев» на Халхин-Голе заставил японских милитаристов уважать мощь нашей страны

Школьный музей Нижегородской области стал участником программы «Школьный музей Победы»

В Москве задержали двух врачей клиники пластической хирургии Хайдарова

Какой сегодня праздник: 15 мая – Международный день семьи

Экология в России и мире

Большинство российских туристов к 2030 году пересядут на этот вид транспорта

10 полезных продуктов для сердца

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

Спорт в России и мире

Новак Джокович с позором вылетел с турнира в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Сервер российского вендора DатаРу прошел сертификацию и показал рекордную производительность при работе с SAP HANA







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *