Ysraýyl Gaza şäheriniň daşyny gabandygyny aýdýar; ABŞ ‘ýerli’ gumanitar arakesmä çagyrýar
Ysraýyl Gaza zolagynyň iň iri şäheriniň daşyny gabandygyny we ünsüň Hamasy ýok etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň Palestinanyň anklawyna hemaýatyň geçip bilmegi üçin, çaknyşyklara arakesme bermek ugrunda premýer-ministr Benýamin Nettanýahua basyş etmegine garaşylýar.
Konfliktiň dört hepde töweregi dowam etmeginiň arasynda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken Netanýahu bilen gepleşikleri geçirmek üçin, soňky aýda ikinji gezek Ysraýyla geldi.
Ysraýylyň harbylary Hamas jeňçilerine garşy söweşýärler. Jeňçiler hüjüm etmek üçin ýerasty tunneler arkaly ur-we-gaç taktikasyny ulanýarlar.
“Biz urşuň gyzgalaňly pursadynda” diýip, Netanýahu aýtdy.