Pakistan owgan raýatlarynyň çykmagyny tizleşdirmek üçin goşmaça serhet geçelgelerini esaslandyrdy
Pakistan dokumentleşdirilmedik onlarça müň owgan raýatynyň ýurtdan çykmagyny tizlendirmek üçin, 3-nji noýabrda täze serhet-geçiş nokatlaryny ýola goýandygyny yglan etdi. Yslamabat muny bosgunlar we hukuk toparlarynyň bu baradaky meýillerine gaýtadan seretmek baradaky çagyryşlaryna hem garamazdan amal etdi.
Maglumata görä, Pakistany terk etmek üçin adamlaryň has köp gelýän demirgazyk-günbatardaky Torkham serhet geçelgesindäki desgalaryň sany üç esse artdyrylypdyr.
2-nji noýabrda Pakistanyň serhedinden 19 müň 744 owgan raýaty geçdi. 17-nji sentýabrdan bäri bu görkeziji 147 müň 949 adama deň boldy.
Bu mundan bir aý ozal Yslamabadyň 1.7 million adama ýurdy terk etmek boýunça görkezme berip, mundan boýun gaçyranlaryň hem tussag ediljekdigi baradaky duýduryşyndan soň boldy.
Yslamabatda ýaşaýan Pekai Azizi 31-nji oktýabrda Azatlygyň Owgan gullugyna özleriniň islendik mahaly ýurtdan çykarylmak howpy astynda ýaşaýandyklaryny, bu sebäpli juda alada galýandyklaryny we geljekki ykballarynyň näbellidigini aýtdy.