Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Manadyň manysyny gaçyran, halk halyny harap eden 'syýasat'

Manadyň manysyny gaçyran, halk halyny harap eden 'syýasat'

Türkmen manady 30 ýaşady. Häkimiýetler onuň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegine şert döredendigini aýdyp, işleýän adamlaryň, şol sanda kärhanalaryň ýagdaýyny kynlaşdyrýan 'iki kurs' praktikasyny dowam etdirýärler. Synçylar manadyň çökmeginiň ýurtda giň ýaýran işsizligiň we jenaýatçylygyň, kärhanalaryň we ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmeginiň, adamlaryň barha kän daşary ýurtlara gitmäge ýykgyn etmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolandygyny öňe sürýärler. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçylar, şol sanda öňki bank resmileri manadyň çökmeginiň esasy sebäbini, öz sözleri bilen aýdylanda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň açgözlügi, “ýurda we halka garşy alyp baran ýykgynçylykly syýasaty” bilen düşündirýärler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň manat dolanyşyga girizilen wagtyndaky başlygy Hudaýberdi Orazowyň tassyklamagyna görä, şol wagt manadyň hümmetini saklamaga ähli mümkinçilik bardy, eger-de ýokary derejeli ýolbaşçylar zyýan bermedik bolsa, adamlar iş açyp, hem özlerini, hem ýurdy, hem manady gurply edip biljekdiler.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň manadyň 30 ýyllygy mynasybetli çap eden gutlagynda aýdylmagyna görä, milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

“Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar” diýip, diýlip, döwlet baştutanynyň gutlag hatynda nygtalýar.

Emma ýaşaýjylar, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan raýatlar bu aýdylýanlary tassyklamaýarlar.

“Manadyň hümmeti soňky bir ýylyň dowamynda has aşak düşdi, men munuň sebäbine düşünip bilmeýärin... Hiç ýerde söwda ýok, adamlaryň elinde pul ýok” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy bilen gürleşen orta ýaşly raýat aýtdy.

Azatlygyň biri-birinden habarsyz söhbetdeşleriniň sözlerine görä, adamlaryň alýan aýlyklary gün görmäge ýetmeýär ýa-da iň bärkije azyk önümlerine zordan ýetýär.

“Işleýän adamlaryň aýlyk haklary her edarada her hili. Ýokary bilimli mugallymlaryň, lukmanlaryň aýlygy biraz ýokary, 2,200 -2,500 manat aralygynda, beýleki kärlerde işleýän adamlaryň aýlygy, gowy bolanda, 1,450-den başlap, 1,600 - 1,700 manat aralygynda, has az aýlyk alýan adamlar hem bar, ýöne bu adamlaryň ol pullary eline alýandygyny aňlatmaýar, tutum kän, işiňi saklamak üçin kän çykdajy etmeli bolýar...” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň habarçylary býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklaryndan tutulýan mejbury-meýletin tutumlar barada ozal ençeme gezek habar beripdi we, aýdylmagyna görä, soralýan pullary bermedik adamlara işlerini ýitirmek howpy abanýar. Bu agyr ýagdaý ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň maşgalasyny taşlap, daşary ýurtlardan gazanç gözlemegine sebäp boldy diýip, synçylar aýdýar.

Eýsem, türkmen manady, 30 ýyl mundan öň dolanyşyga girizilende 1 amerikan dollaryna 1 manat 98 teňňe möçberinde hümmeti kesgitlenen milli pul nädip türkmenistanlylaryň ‘betbagtçylygyna’ öwrüldi?

Maglumat üçin aýdylsa, Saparmyrat Nyýazow 1990-njy ýyllaryň başynda türkmenistanlylaryň eliniň uzadan ýerlerine ýetjekdigini, olaryň hiç bir durmuş kynçylygyny çekmejekdigini aýdýardy. Prezidentiň geňeşçileri bolsa, tankydy pikirlenýän döredijilik wekilleri bilen duşuşyp, eger islese, 'ýaşulynyň' býujet edaralarynyň işgärlerine dollarda aýlyk bermek mümkinçiliginiň hem bardygyny, Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksport edýän çig mallaryndan gelýän girdejiniň halky bol-elin ýaşatmaga, manady güýçli pul edip saklamaga aňryýany bilen ýetýändigini ynandyrýardylar.

Bu pikiri häzir Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow hem tassyklaýar we şol wagt manadyň hümmetiniň saklanjakdygyna özüniň hem ynanandygyny, sebäbi şeýle mümkinçiligiň hakykatdan hem bolandygyny aýdýar.

Milli puly dolanyşyga girizmek işiniň abyny-tabyny almak üçin dünýäniň birnäçe bankyna iş saparyna iberilen beýleki bir hünärmeniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň ozalky orunbasary Annadurdy Hajyýewiň tassyklamagyna görä, manadyň dolanyşyga girizilmegindäki gyssanmaçlyk we eýýäm şol ýyllarda başyny galdyryp başlan şahsyýet kulty onda uly alada döredipdir. Şeýle-de, ol ýokary derejeli resmilere, hususan-da ýurduň ykdysady meselelerine jogap beren Waleriý Otçersowa berýän kanuny soraglaryna açyk jogap alyp bilmändigini, manada degişli ähli meseläniň ýokarda çşzülendigini aýdýar.

Azatlyk bilen dürli döwürlerde gürleşen hünärmenleriň, öňki resmileriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, manadyň çökmeginiň esasy sebäbi prezidentiň we onuň töweregindäki adamlaryň açgözlügi, nebit-gaz söwdasyndan we beýleki önümlerden gelýän daşary ýurt walýutasynyň göni Türkmenistanyň hasabyna geçirilip başlanmagy bilen ulalan nebislerine ‘haý’ diýip bilmezlikleri bilen bagly boldy.

Annadurdy Hajyýewiň sözlerine görä, ýurt çäginde ýeke-täk töleg, hasaplaşyk serişdesiniň milli pul, manat bolmalydygy, beýleki walýutalaryň beýle hukugynyň bolmaly däldigi baradaky kanun ozaly Saparmyrat Nyýazow tarapyndan bozuldy we bu ýagdaý manadyň çökmeginiň gutulgysyz bolmagyna alyp geldi.

Kanuny bozmak bilen, Nyýazow iri şertnamalar esasynda edilen işlere dollarda we beýleki walýutalarda töleg tölemek praktikasyny adaty bir zada öwürdi. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäginde prezident köşgi, nebiti gaýtadan işleýän zawod, täze aeroport we ş.m.ler guruldy. Olaryň tölegi walýutada, býujetden sowa ýagdaýda, bada-bat daşary ýurtdaky bank hasabyndan tölendi diýip, Hajyýew aýtdy.

“Aýdaly, Oba hojalyk ministrligi pagtany dollara satýar... Ol bu dollardan ozaly döwlet býujetine salgyt tölemeli, soň kärendeçiler, beýleki potratçylar bilen hasaplaşmaly, soň täze tehnikalary we enjamlary satyn almaly...” diýip, Hajyýew ministrligiň bu işleri öz pagta satan dollarynyň hasabyna, ýöne ol dollara Merkezi bankdan manat satyn almak arkaly amala aşyrmalydygyny, sebäbi salgydyň manatda tölenmelidigini, aýlyklaryň manatda berilmelidigini, emma ýolbaşçylaryň ýurt çäginde manatda hasaplaşmak kanunyny bile-göre bozandygyny aýdýar.

Bu ýagdaý, hünärmeniň tassyklamagyna görä, Nebit-gaz ministrligi ýaly, walýuta gazanýan beýleki döwlet edaralarynyň hem kanuny bozmagyna getirdi. Netijede, Merkezi bank öz harydyndan, ýurda daşary ýurt pulunda gelýän serişdeler esasynda walýuta goruny güýçlendirip, ýurt içinde erkin walýuta alyş çalşygyny üpjün etmek, milli manady berkitmek mümkinçiliginden eden-etdilikli ýagdaýda mahrum edildi.

Hajyýewiň tassyklamagyna görä, manat dolanyşyga girizilmezinden öň Merkezi bankyň ätiýaçlygynda daşary ýurt walýutasy bolmandyr, ýöne ol Aşgabadyň garaşsyzlygyň öň ýanynda öz eksport edýän gazynyň 30% çemesiniň bahasyny öz hasabyna geçirdip başlandygyny, “Gazpromuň” 70 müň kub metrden gowrak gazdan alnan girdejiniň 30%-ni türkmen hökümetiniň daşary ýurt hasabyna geçirendigini aýdýar. Aýdylmagyna görä, S.Nyýazowyň şol wagtky premýer-ministr Han Ahmedowy, wise-premýer Ata Çaryýewi eýeleýän wezipelerinden gyrakladyp, ähli ygtyýary öz elinde jemlemegi hem şu serişdeleriň harçlanmagy üstünde dörän dürli pikirler bilen bagly. Emma Azatlyk bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap ýa inkär edip bilmeýär.

Ýöne Nyýazowyň hem prezident, hem premýer-ministr bolup, ähli häkimiýeti bir öz elinde jemländigi we munuň tä ol 2006-njy ýylyň aýagynda ýogalýança şeýle bolandygy fakt bolup galýar.

Hajyýew 1991-nji ýylda ýygnalan pagta hasylynyň söwdasyndan gelmeli walýutanyň tutuşlygyna Türkmenistana degişli bolandygyny we Oba hojalyk ministrliginiň bu serişdäni ýurda getirmän, ministrligiň daşary ýurtda açylan bank hasabynda saklap, döwlet býujetine salgyt tölemekden gaçandygyny, üstesine Merkezi bankdan daýhanlara aýlyk bermek üçin kredit, karz pul sorandygyny, daşary ýurtdaky walýuta serişdelerini getirmek zerurlygy barada edilen kanuny talabyň diňlenmändigini aýdýar.

Hünärmeniň tassyklamagyna görä, bu gaz we nebit söwdasyndan gelýän daşary ýurt walýutasy babatynda-da şeýle boldy we şol wagtky oba hojalyk (Paýzygeldi Meredow), nebit-gaz (Nazar Söýünow) ministrleriniň kabul edýän kararlarynyň arkasynda prezidentiň hut özi durýardy.

“Men bulary nireden bildim?” diýip, Hajyýew 1992-nji ýylda ilkinji gezek iş sapary bilen Şweýsariýa baranda we soňra, 1994-nji ýylda özünden Oba hojalyk ministrliginiň Şweýsariýadaky bank hasabynyň ýazgylaryny Paýzygeldi Meredowa iberendiklerini gürrüň berýär.

Merkezi bank 1 manatdan 500 manada çenli pul birliklerini, 82 million manady çykarmagy buýranda, bu şertnama boýunça edilmeli tölegi, prezidentiň karary esasynda, Oba hojalyk we Nebit-gaz ministrlikleri töledi, sebäbi bankda beýle mümkinçilik ýokdy. Olar bilelikde 800 müň funt stelinge golaý pul tölediler. Oba hojalyk ministrliginiň bir emeldary şol döwürde 'Merkezi bankyň nämä geregi bar, beýle edara gerek däl' diýip gygyrýardy” diýip, Hajyýew ýatlaýar.

Şeýlelikde, ýurtda manady goldamak üçin ýeterlik walýuta serişdeleriniň bolandygyna garamazdan, bu meseläni gowy öwrenen bank resmileriniň hasaplamalary esasynda 1 dollara 6 manat möçberinde nyrhy kesgitlеnmeli manat 1 dollara 2 manat çemesinde kesgitlenen hümmet bilen dolanyşyga girizildi.

“Manadyň hümmetini 1 dollara 2 manat möçberinde kesgitlemek görkezmesi ýokardan berildi. Nyýazowyň populizme kowalaşmagy ýurda gymmat düşdi. Manadyň kursy uzak gitmän aşak gaçdy” diýip, Hajyýew aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Hajyýew manadyň çökmeginiň esasy sebäpleriniň biriniň ýurda gelýän walýuta girdejileriniň salgytdan gaçyrylmagy bilen bagly bolandygyny öňe sürýär. Prezidentiň 1993-nji ýylda hökümetiň Merkezi bankyň hasabynda saklanylýan walýuta gaznasynyň adyny üýtgedip, Türkmenistanyň walýuta ätiýaçlygy diýip atlandyrmak barada çykaran karary-da, bu serişdäni diňe prezidentiň rugsady esasynda harçlamaly etmegi-de manadyň, ýurduň peýdasyna bolmady diýip, hünärmen aýtdy.

Şondan soň, aýdylmagyna görä, daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda eden işleri üçin tölenmeli pullar, prezidentiň karary esasynda, Merkezi bankyň walýuta ätiýaçlygyndan tölenýär we, bankda walýuta bolsa-da, eli-aýagy daňylgy ýagdaýda galan bank bolbaçşylary manady pugtalandyrmak üçin hiç bir serişde harçlap bilmeýär.

“Biz Nyýazowa bu ýagdaýda manadyň hümmetini saklap bilmejekdigimizi aýtdyk, ol “goýberiň, nähili bolsa, şol hili bolsun” diýdi. “Şol pursatdan hem manat çökdi. Bir tarapdan pullar walýuta hasabynda ýatyrdy, ikinji tarapdan Nyýazow bize ol hasapdan peýdalanmak rugsadyny bermeýärdi, üçünji tarapdan manat çökdi” diýip, Hajyýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň milli pulunyň hümmetini saklamak mümkinçiliginiň hakykatdan hem bolandygyny manat dolanyşyag girizimezinden üç aý çemesi öň Merkezi bankyň başlygy wezipesine bellenen Hudaýberdi Orazow hem tassyklaýar. Ol bu banka başlyk bellenmezinden öň hem birnäçe banka ýolbaşçylyk edipdi. Orazowyň Azatlyk bilen eden söhbetdeliklerinde yzygiderli gaýtalamagyna görä, türkmen manadynyň güýçli pul bolmagy, türkmenistanlylaryň gowy ýaşamagy üçin ähli mümkinçilik bardy.

Türkmenistanda dörän agyr ýagdaýyň sebäpleri, Orazowyň sözleri bilen aýdylanda, "Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygyndaky ogurlyklar" bilen bagly we "bu ogurlyklar milli pul dolanyşyga girizilmezinden has öň başlandy". Şeýle-de, ol munuň "ýurda, halka garşy ýöredilen syýasat" bolandygyny öňe sürýär.

Orazowyň sözlerine görä, puluň durnukly bolmagy üçin iki sebäp gerek: Birinjiden, ýurtda ogurlyk bolmaly däl, ikinjiden, Merkezi bankyň öz ygtyýaryndaky walýutany gerek wagty ulanyp bilmegi üçin doly erki bolmaly. Emma bu erk berilmeýär, has anygy, bankda toplanan walýuta serişdeleriniň möçberini eşiden Nyýazow şol günüň ertesi ol pullaryň öz rugsady bolmazdan ulanylyp bilinmejekdigi barada karar çykarýar.

Orazow şol wagt bolan zatlary gürrüň berseň, ýönekeý adamlaryň gulagynyň eşidýän sözlerine ynanyp biljek däldigini aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, ozaly walýuta serişdeleriniň ygtyýarynyň diňe Nyýazowyň erkinde galmagy we bor-bolgsuzy desgalaryň gurluşyklary arkaly ogurlanmagy uly zyýana goýan bolsa, ikinji tarapdan, dollaryň ýa manadyň iki kursunyň saklanmagy halka we ýurduň ösüşine garşy döredilen uly bökdençlik boldy.

Azatlygyň türkmen emeldarlaryndan manadyň düşen ýagdaýy, ýurt çäginde başga walýutalarda edilen bikanun tölegler we salgytdan gaçyrylan pullar barada düşündiriş almak üçin ýazmaça iberen soraglaryna jogap berilmedi.

Türkmenistan her ýylda çap edilýän korrupsiýa hasabatlarynda eýeleýän 'utançly' orny barada hem düşündiriş bermeýär we wagtal-wagtal käbir korrupsiýa faktlaryny boýun alyp, toba edip aglaýan adamlary telewizorda görkezýär hem-de kanunlary bozan adamlaryň hiç birine geçirimlilik edilmejekdigini ynandyrmaga çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Ретропоезд отвезет туристов из Нижнего Новгорода на «Арзамасский трактирщикъ»

Сергунина рассказала об изменениях в программе грантовой поддержки экспортеров Москвы

Единый агрегатор торговли Ростеха позволил российским госзаказчикам сэкономить почти 7 млрд рублей

«От крабов до «Алёнки»: Презентация русской кухни пройдет в Харбине

Музыкальные новости

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Новости России

Единый агрегатор торговли Ростеха позволил российским госзаказчикам сэкономить почти 7 млрд рублей

Песков: Россия самым решительным образом осуждает покушение на Фицо

«От крабов до «Алёнки»: Презентация русской кухни пройдет в Харбине

Сергунина рассказала об изменениях в программе грантовой поддержки экспортеров Москвы

Экология в России и мире

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Спорт в России и мире

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *