Eýranda 14 ýyl türmede saklanan bir tussag jezalandyrylyp öldürildi
Eýranyň türmesinde 14 ýyl tussaglykda saklanan sünni musulman Kasem Abatebeh 5-nji noýabrda jezalandyrylyp öldürildi. Bu barada Adam hukuklary boýunça aktiwistleriň habar agentligi mälim etdi.
Asly kürt Abatebeh 2019-njy ýylyň iýunynda, başga-da alty aýyplanýan bilen, “Eýran Yslam respublikasyndaky korrupsiýa” üçin ölüm jezasyna höküm edilipdi.
Soňy bilen tussaglykda onda, düwnük, ýagny rak keseli anyklady. Ol Tähranyň günbataryndaky Karaj şäheriniň türmesinde saklanypdy.
Şu aý BMG Eýranda adamlary jezalandyryp öldürmegiň “alada dörediji derejede” amal edilýändigini belläp, şu ýylyň diňe ýedi aýynyň jemleri boýunça azyndan 419 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy.