Pakistandan ýene onlarça müň owgan bosguny çykaryldy
Pakistanda bikanun migrantlara garşy alnyp barylýan çäreleriň çäginde, soňky 24 sagadyň dowamymda ýene-de 15 müň töweregi owganystanly bosgun bu ýurtdan çykaryldy. Bu barada Pakistan resmileri 5-nji noýabrda mälim etdiler.
Pakistanyň resmi maglumatlaryna görä, ýurtda 4.4 million töweregi owgan bosguny ýaşap, olaryň 1.4 million töwereginde degişli kanuny dokumentleri ýok.
Pakistan geçen aý dokumentleşdirilmedik bikanun owgan bosgunlarynyň köpçülikleýin ýurtdan çykaryljakdygyny yglan etdi. Bu ädim Günbatar hökümetleri we hukuk toparlary tarapyndan tankytlandy.
Içeri işler ministrligiň 4-nji noýabrdaky maglumatyna görä, bu kampaniýanyň çäginde 200 müň owgan bosguny ýurtdan çykarylypdyr.