Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Özbek şa gyzynyň" Şweýsariýanyň banky tarapyndan doňdurylan millionlary kime gowşar?

Mundan birnäçe ýyl ozal özbek hökümetiniň haýyşy boýunça, Şweýsariýanyň banklarynda Özbegistanyň ozalky prezidentiniň gyzy, "özbek malikasy – şa gyzy" ady bilen tanalan Gülnara Kerimowa degişli bolan 840 million dollarlyk emläk doňduryldy.

Uzak wagtlap dowam eden kazyýet barlaglaryndan soň, Şweýsariýanyň banky ýakyn geljekde ol baýlygyň kime degişli boljakdygy barada, höküm bermeli diýlip garaşylýar. Eýsem ol pul kime geçiriler; Şweýsariýanyň hökümetinemi, Özbegistanyň hökümetinemi ýa-da öňki Zeromax maýa goýujylarynamy? Belki-de, ol häzirki wagtda Daşkendiň golaýyndaky aýallar türmesinde oturan 51 ýaşly Gülnaranyň özüne berler?

Britaniýanyň Financial Times neşiri şu soraglar bilen gyzyklanýar.

On ýyl dowam eden barlagdan soň, Şweýsariýanyň Federal Prokuraturasy (OAG) 28-nji sentýabrda, Gülnara Kerimowanyň jenaýat işi barada aýyplama netijelerini kazyýete ugratdy. Indi kazyýet bu baýlyklaryň haýsy ýollar bilen gazanylandygyny we nirä gitjekdigini kesgitlemeli diýip, Financial Times gazeti ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Zeromaxyň kreditorlary bireýýäm täze kazyýet derňewine başlapdyrlar. Zug şäherinde esaslandyrylan Zeromax kompaniýasy 2010-njy ýylda 4,6 milliard dollarlyk bergi bilen bankrota düşdi diýlip yglan edildi. Ol Şweýsariýada ikinji iň uly bankrot bolupdy. Mundan öň ol holding kärhanasy Özbegistanda iň uly maýa goýujy we iş orunlaryny beriji bolupdy hem köp babatda Kerimowa bilen baglanyşyklydy.

Financial Times neşiriniň ýazmagyna görä, kärhananyň kreditorlarynyň sanawy diýseň saldamly, onda Braziliýanyň futbol ýyldyzlaryndan başlap, Germaniýanyň Gara tokaý hünärmenlerine çenli bar.

Talap arzalaryny beren kreditorlaryň 10-njy oktýabrda aýtmaklaryna görä, Şweýsariýanyň hökümeti olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine ençeme ýyl böwet bolup, oýun oýnaýarlar. Olaryň sözüne görä, resmi Bern dürli diplomatik borçlaryň netijesinde, ýuwaşlyk bilen bu puly özbek hökümetine geçirmek isleýär.

«Biziň müşderilerimiz 2017-nji ýyldan bäri Şweýsariýa bilen Özbegistanyň ýokary wezipeli resmileriniň arasynda, dil birikdirilmeginden närazylyk bildirýärler» diýip, kreditorlaryň hukuklaryny goraýan Sýurihiň aklawçysy Tomas Rim Financial Times bilen eden interwýusynda aýtdy.

Şweýsariýanyň häkimiýetleriniň tassyklamagyna görä, Gülnara Kerimowa bilen Zeromax kompaniýasyň arasynda hiç hili baglanyşyk ýok. Kazyýetiň 2018-nji ýyldaky hökümine görä, Zeromax Kerimowa tarapyndan dolandyrylmandyr we oňa hiç bir girdeji hem getirmändir. Eger bu höküm öz güýjünde galsa, onda Kerimowanyň pullary Özbegistanyň hökümetine geçiriler.

Kerimowanyň baýlygynyň jenaýatçylyk ýol bilen toplanany täzelik däl. ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň 2019-njy ýyldaky aýyplamasynda aýdylmagyna görä, Kerimowa telekommunikasiýa pudagy boýunça Daşkent şäherinde şertnama gol çekmek isleýän halkara kompaniýalardan, jemi 850 million dollardan gowrak para alypdyr. Bu iş entek kazyýete baryp ýetmändi. 2010-njy ýylda äşgär edilen diplomatik hatlarda, amerikan diplomatlary Gülnara Kerimowany "Özbegistandaky iň ýigrenilýän şahs", ol "haýbat atmak we gorkuzmak arkaly Merkezi Aziýanyň bu döwletindäki her bir girdejili işden diýen ýaly uly bölekde paý alýar” we "talaňçy baron" hasap edilýär" diýlipdi.

Kerimowa Zeromax bilen gatnaşygyny we özüne garşy aýdylan beýleki ähli aýyplamalary doly inkär edýär.

«Ol ähli aýyplamalara garşy çykyp, özüni aklanmak üçin göreşer» diýip, onuň Ženewadaky aklawçysy Greguar Manže aýdýar.

Ol: «Şweýsariýanyň banklarynda doňdurylan pullar häzir kanun taýdan oňa degişli» diýýär.

Kazyýet diňlenişiginiň haçan boljagy belli däl, emma "Financial Times" gazetiniň makalasynda aýdylyşyna görä, ähli taraplar garym-gatym ýagdaýyň tizden çözüljekdigine umyt edýärler.

2020-nji ýylyň martynda, Daşkent şäher kazyýeti Gülnara Kerimowany jenaýatçy topary gurnamakda, gorkuzyp pul almakda, ogurlykda, şeýle hem jenaýatçylykly hereketden alnan girdejilerini kanunlaşdyrmakda we başga jenaýatlarda aýyplap, 13 ýyl 4 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Ol 2019-njy ýylyň baharyndan bäri, Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabyndaky 21-nji aýallar koloniýasynda türme möhletini geçýär.

Şweýsariýada, Fransiýada, ABŞ-da we başga-da birnäçe ýurtlarda bolan Gülnara Kerimowa bilen bagly emläkleriň umumy möçberi 1,4 milliard dollara golaý hasaplanýar. Özbegistanyň hökümeti ol puluň belli bölegini yzyna aljak bolýar.

Şeýlelikde, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda Özbegistan Pariždäki kondominium we 1815-nji ýylda gurlan Château de Groussay köşgi satylandan soň, Fransiýadan 20 million dollary yzyna aldy.

Öňräk Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Gülnara Kerimowanyň Beýik Britaniýada 25 million dollardan gowrak bahasy bolan iki kwartirasynyň we bir aýratyn jaýynyň konfiskasiýa edilendigini habar beripdi. Beýik Britaniýanyň aýratyn uly möçberdäki kezzapçylyga garşy göreş býurosy (Serious Fraud Office) Gülnara Kerimowanyň 2004-2012-nji ýyllar aralygyndaky döwürde, Özbegistanyň bazaryna girmäge kömek edendigi üçin diýip, telekommunikasiýa şirketinden ýüzlerçe million dollar para alyndygyny tassyklady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Самарской области в тройном ДТП погибли четыре человека

Астролог Персидский назвал знаки зодиака, которым идеально подходит удаленная работа

В Норильске открылся новый туристический центр

Метриум: темпы роста предложения квартир в новостройках Москвы упали в 42 раза

Музыкальные новости

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Новости России

Авария на Алтае унесла жизни двух девочек-подростков

В Тульской области за три месяца снизилась рождаемость и увеличилась смертность

Как уходил Алексей Дюмин

XIX Всероссийский Форум-выставка «ГОСЗАКАЗ» пройдет ...

Экология в России и мире

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

В Подмосковье росгвардейцы почтили память Героев Великой Отечественной войны и возложили цветы к мемориальным комплексам региона.

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *