Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda býujet işgärleriniň we talyplaryň hasabyna bag ekmek çäresi geçirildi

Türkmenistanda 4-nji noýabrda güýzki ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Mary welaýatynda bu çärä býujet işgärleri, talyp ýaşlar we ýaşulular köpçülikleýin mejbury gatnaşdyryldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Bu çärä edara-kärhanalaryň, ýokary we orta hünär mekdepleriň her birinden 10 adam gatnaşmaly edildi. Sport eginbaşyny geýen gatnaşyjylar 4-nji noýabrda irden ýowara bardylar we köpçülikleýin bag ekdiler” diýip, çärä gatnaşan maryly býujet işgäri gürrüň berdi.

Býujet işgärleri we talyplar bag nahallaryny satyn almak üçin 40-50 manat pul bermäge hem mejbur edildiler. Muňa nägilelik bildirenler “döwlet syýasatyna garşy çykmakda” aýyplanyp, olara işden çykarylmak haýbaty atyldy.

“3-nji noýabrda käbir edaralar her bir işgärden iki-üç sany miweli ýa-da miwesiz bag getirmegi hem talap etdiler. Bag getirmedikleriň zähmet hakyndan 50 manat tutuljakdygy duýduryldy” diýip, maryly başga bir býujet işgäri aýtdy.

Resmi metbugat 4-nji noýabrda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşandygyny habar berdi. Döwlet telewideniýesinde görkezilen reportažlarda ak we gök sport geýimli işgärleriň ýüzlerçesiniň köpçülikleýin bag ekýän pursatlaryny görse bolýar.

“Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň içinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müň 71 düýbi ekilip, 1 million 868 müň 935 düýp baga ideg edildi” diýlip, resmi habarda adatça bolşy bu bag nahallarynyň haýsy serişdäniň hasabyna satyn alnandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary her ýylda karar çykaryp, indi onlarça ýyl bäri ählihalk ýowaryny geçirip, bag nahallaryny oturtmak çäresini geçirýärler. Olar bu çäräniň Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde şäherleriň we obalaryň töwereginde bagly meýdanlary artdyrmak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýarlar.

Ýylda iki gezek – bahar we güýz aýlarynda – geçirilýän bu çäräniň dowamynda her ýyl azyndan 3 million düýp bag nahalynyň oturdylýandygy yglan edilýär. Ýöne häkimiýetler bu bag nahallarynyň haýsy serişdäniň hasabyna satyn alynýandygy barada asla gürrüň gozgamaýarlar.

Munuň bilen bir wagtda, býujet işgärleri we talyplar bu çäräniň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna amal edilýändigini, nahallary satyn almak üçin pul goşmaga mejbur edilýändiklerini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Galyberse-de, döwlet ýolbaşçylary “ýaş nahallara yzygiderli ideg etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny hemişe nygtasalar-da”, býujet işgärleri ozalky ýyllarda ekilen agaçlaryň köpüsiniň idegsizlikden guraýandygyny yzygiderli habar berýärler.

“Biz her ýyl şol bir ýerde bag oturdýarys. Her ýyl hem eken baglarymyz idegsizlikden gurap galýar. Biz her ýyl bag ekişligiň öňüsyrasynda geçirilýän ýowarlaryň dowamynda öňki ýylda eken baglarymyzy gurandygy sebäpli goparyp aýyrýarys. Soňra-da täze getiren bagymyzy ekýäris. Bu ýyl eken baglarymyzy hem indiki ýyl ýene köwläp aýrarys we täzesini ekeris. Bag ekmegiň manysy näme?!” diýip, Marynyň Şatlyk şäherçesindäki Mary gaz gurluşyk edarasynyň bir işgäri bu ýagdaýyň indi bäş ýyl bäri dowam edýändigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri bag ekmek çäresiniň netijeleri, şol sanda hakykatda näçe bagyň düýp tutandygy, häzire çenli saklanyp galan ýa-da gurap galan agaçlaryň anyk sany barada maglumat bermeýärler.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli edaralardan, şol sanda Marynyň häkimliginden kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Путин поблагодарил Шойгу за создание нового облика Вооруженных сил РФ

VGV будет продавать U70 Pro и U75 Plus за 2,1 и 2,75 млн рублей соответственно

Эксперты задумали реконцепцию торгового центра на юго-западе Москвы

Врач Аль-Юсеф: отложение жировых бляшек в артериях — основная причина ишемического инсульта

Музыкальные новости

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Новости России

Еще 50 земельных торгов прошло в Подмосковье за неделю

На фестивале «Московская весна» на Городецкой улице дети учились основам режиссуры

«Аэрофлот» запустит программу «Аэрофлот-Шаттл» между Москвой и Санкт-Петербургом

Звезда «Постучись в мою дверь в Москве» Лиана Гриба впервые высказалась об обвинениях в избиении жены Никиты Волкова

Экология в России и мире

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Пермский край, Суксунский район

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Moscow.media

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *