Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanlylar bank kartyny almak üçin azyndan alty aý garaşmaly bolýarlar

Balkanlylar bank kartyny almak üçin azyndan alty aý garaşmaly bolýarlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde ilat plastik bank kartyny almak üçin azyndan alty aý garaşmaly bolýar. Bu aralykda, sebitde bank kartlaryny ogurladýan ýa-da dürli “hilegärlikleriň” pidasy bolup, kartyndaky puluny aldyrýan raýatlar köpelýär. Bu ýagdaýlar barada balkanly ýaşaýjylar we bank işgärleri Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

“Şu günlerde kartyny ogurladan, ýitiren ýa koduny ýalňyz ýazan raýatlar Halkbankyň, Daýhanbankyň we Türkmenbaşybankyň ýerli edaralaryndan täze kart almaga baranda, olara 6-9 aý garaşmaly boljakdyklary duýdurylýar. Bu ýagdaý, hususan-da, täze enelere ýaramaz täsir edýär. Sebäbi bu, olaryň çaga kömek puluny ýarym ýyldan bir ýyla golaý wagt aralygynda alyp bilmejekdigini aňladýar” diýip, balkanly bir ýaşaýjy 7-nji noýabrda gürrüň berdi.

Bank işgärleri munuň sebäpleri barada aç-açan we anyk düşündiriş bermeýärler. Olar diňe bank kartlarynyň Aşgabatda ýasalýandygyny we paýtagtdan günbatar welaýata ugradylýandygyny aýtmak bilen çäklenýärler.

“Bular ýaly ownuk meseleleriň hem birnäçe aýa uzamagynyň özi-de, ýurtda banklaryň işiniň näderejede pesliginden habar berýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada ýokarda ady agzalan banklardan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne bu waka, Türkmenistanda bank kartlarynyň ýetmezçilik edýändigi barada Aşgabatdaky habarçylarymyzyň beren maglumatlaryndan bir aýa golaý wagt soňa gabat geldi.

Oktýabryň ortalarynda habarçylarymyz bilen anonim gürleşen mobil aragatnaşyk bölümleriniň işgärleri kartlaryň ýetmezçiliginiň hasaplaşyk hem-de konwertasiýa meselesi bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.

Ministrler Kabinetiniň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiliginiň işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Ol munuň “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendigini belledi, ýöne onuň haçan ulanyşa giriziljekdigi barada hiç zat aýtmady.

Bu aralykda, Balkanda bank kartlaryny ogurladýan ýa-da dürli “hilegärlikleriň” pidasy bolup, kartyndaky puluny aldyrýan raýatlaryň köpelendigini synlasa bolýar.

“Meniň işleýän bankyma her aýda 200-den gowrak adamyň arzasy gelip gowuşýar. Olar plastik kartyny ogurladan ýa-da puluny nagtlaşdyryp bermegi sorap, başga birine koduny aýdyp, pullaryny aldyran raýatlarymyzyň arzalarydyr. Mundan başga-da, Internet hilegärleri hem köpeldi. Olar kart eýelerine, hamala, bankdan jaň edýändigini aýdyp, ‘Siziň hasabyňyzdan şu wagt pul çekildi. Siziň habaryňyz barmy?’ diýip, kart eýelerini panika goýup, olardan bir gezeklik ugradylýan töleg koduny soraýarlar we kartlaryndan töleg amala aşyrýarlar” diýip, ýerli banklaryň biriniň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk mundan ozal raýatlara biometriki pasport, uçar biletini ýa-da daşary ýurt wizalaryny alyp bermegi wada berip, olaryň pullaryny alyp, soňra-da ýitirim bolýan adamlar barada habar beripdi.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ýurduň bank ulgamynyň kämilleşdirilýändigini we oňa sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýarlar. Olar munuň ýurduň “maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizliginiň artmagyna” getirýändigini belleýärler.

Emma Azatlygyň habarçylary bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi, töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi, zähmet, pensiýa haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň raýatlaryň bank kartlaryna geçirilmeginiň gijikdirilýändigi barada yzygiderli habar berýärler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda 1-nji noýabrda täzelenen sanlara görä, ýurduň banklary tarapyndan raýatlara jemi 5 million 466 müň 235 kart paýlanypdyr. Bu kartlaryň 579 müň 259 sanysy balkanlylara berlipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Футболист Дэвид Бекхэм показал, как за ним гонятся цыпочки

Более 12 000 бесплатных посылок отправили новосибирцы в зону проведения СВО

15 мая День рождения Королевы эпизодов советского кино

Суд отказал в иске о моральной компенсации за "голую вечеринку" Ивлеевой

Музыкальные новости

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Каратисты завоевали бронзу на Всероссийских соревнованиях по каратэ «Кубок Танкограда»

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Новости России

Вратарь ЦСКА Тороп во время матча с «Зенитом» получил перелом черепа

Суд отказал в иске о моральной компенсации за "голую вечеринку" Ивлеевой

Футболист Дэвид Бекхэм показал, как за ним гонятся цыпочки

Стали известны время и место церемонии прощания с журналистом Кононенко

Экология в России и мире

Lamoda запустила бренд мужской одежды и обуви Mademan

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Спорт в России и мире

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *