Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Awazada" satuwa çykarylan jaýlar geçmeýär, adamlarda ne pul, ne-de ynam bar

Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda satuwa çykarylan myhmanhana otaglary, kottež toplumlary geçmeýär. Türkmenistan soňky ýyllarda bu ýerde milliardlarça dollara durýan desgalary gurdy we olaryň uly girdeji getirmegine umyt baglady. Milli syýahatçylyk zolagyndaky ýagdaýlary gowy bilýän hünärmenler bu desgalaryň köpüsiniň zyýandan başga peýdasynyň ýokdugyny aýdýarlar. Bu zyýan ýurtdaky ykdysady syýasat, syýahatçylyk üçin girizilen emeli kynçylyklar, şol sanda wiza kynçylygy, ekologiýa bilen baglanyşdyrylýar.

“Adamlarda pul ýok, satuwa çykarylan jaýlar geçmeýär. Indi bulary abat saklamak üçin hem uly serişde gerek, olar çalt zaýalanýar, emma döwlet abatlaýyş işleri üçin serişde bermeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

Şeýle-de, satywa çykarylan binalaryň geçmezligi ekologiýa, darşy gurşaw aladalary bilen düşündirilýär.

Türkmenistanda döwlet serişdesine amala aşyrylýan uly taslamalar barada metbugatda öwgüli sözler aýdylýar, olar ýurduň ösüşiniň delili hökmünde görkezilýär, ýöne girdeji, çykdajy meseleleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň satuwa çykarylmagy dowam etdirilýär.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmeniň sözlerine görä, “Awazada” durmuşa geçirilen gymmat bahaly taslamalar garaşylan netijeleri bermedi, uly zyýana goýdy.

“Awazadaky” esgalara çykarylan çykdajylaryň, biziň hasaplamalarymyza görä, 10 göterimi hem ödelmedi. Ýöne açyk maglumat ýok, biraz ýalňyşyp hem bilerin. Emma bir zat belli: geçen 10 ýylyň dowamynda myhmanhana otaglaryndaky mebellerden başlap, ähli zat ideg, çykdajy talap edýär” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, myhmanhana otaglarynyň ählisi düýpli bejeriş, abatlaýyş işleriniň geçirilmegine mätäç.

Türkmenistanda arzuw edilen syýahatçylyk girdejileriniň öňüni baglan ýene bir böwet bolsa, hünärmeniň pikiriçe, ýurduň pul, maliýe syýasaty bilen bagly boldy.

“Türkmen manadynyň iki kursy myhmanhana işine hem uly zyýan ýetirdi. Standart otaglaryň bahasy 40 dollar diýlip bellenen. Emma dollarda diňe daşary ýurt raýatlary hasaplaşyp bilýär. Türkmen raýatlaryndan bolsa, tölegi döwlet kursunda, manatda almaly. Netijede, 40 dollara derek 112 manat alýarys” diýip, hünärmen bu iki kurs tapawudynyň ýetirýän uly zyýanyna ünsi çekdi.

“Göz öňüne getiriň, bagbanlar, otaglar hyzmaty, gorag, elektrik, suw, tämizçiler we beýlekiler üçin çykarylmaly çykdajylara pul çydatmak aňsat iş däl. “Awaza” döwlet üçin tirýekkeş ata saklana deň boldy.”

Aýdylmagyna görä, döwlet indi bu desgalardan mümkin bolsa çalt dynmak isleýär we, zyýanyň öňüni almak üçin, olary 60 müň, 100 müň dollar aralygynda satmakçy bolýar.

“12 gatly “Täjir” myhmanhanasynda 2 otagly kwartira, ähli goşlary bilen, ilki 60 müň dollar baha goýdular. Sentýabrda hyrydar tapylman, bahany 50 müň dollar düşürdiler. Häzir ol 45 müň dollar bahalanýar. Halkda munça pul ýok” diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.

“Kottežleriň bahasy 100 müň dollardan başlanýar, emma olaryň hem hyrydary ýok.”

Ekologiýa aladalary hem söwdanyň peýdasyna däl, bu pully adamlaryň hem ikinjiňlenmegine sebäp bolýar.

Adamlar ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan, Hazaryň suwunyň çekilmeginden, duzly, tozap ýeten ýerde ýaşamaly bolmak ähtimallygyndan alada galýarlar diýip, hünärmen aýtdy.

Mundan başga, “Awazada” maşgala bolup ýaşamak kyn, mekdep, çagalar bagy, bazar we beýleki amatlyklar ýok, ýene bir mesele, raýatlaryň hususy ulaglaryny “Awaza” goýbermeýärler, bu hem jaý aljak adamlaryň isleglerini gaçyrýar diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlygyň habarçylary mundan öň býujet işgärleriniň bu ýere mejbury ýagdaýda dynç almaga iberilýändigini, ýöne ýolbaşçylar gelende, dynç alýan adamlaryň myhmanhanalardan çykarylýan wagtynyň hem bolandygyny habar beripdiler.

Diňe “Awazada” däl, ýurduň beýleki ýerlerinde hem ilatyň aglaba köplüginiň döwrebap jaýlary satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugy habar berilýär.

“Maşgalamyzda dört adam döwletden aýlyk alýar, emma sowet döwründäki üç otagaly jaýymyzda iki gelnimiz, agtyklarymyz bilen gysylyp ýaşaýaryn” diýip, 50-den geçen aşgabatly raýat aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dört adamyň aýlygyndan täze jaýyň başdaky tölegini tölemek däl, nobat üçin berilmeli parany hem bermek köp adama başartmaýar. Şu sebäpden ol ýaş çagaly ogluny maşgalasyndan aýryp, daşary ýurda işlemäge iberendigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary ykrar etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Сотрудники Росгвардии пришли на помощь девочке, пострадавшей в результате наезда транспортного средства

В России китайский автобренд FAW представил обновленный лифтбек Bestune B70

Суд в Москве продлил арест обвиняемому в теракте в «Крокусе» Фаридуни

Суд продлил меру пресечения третьему обвиняемому в теракте в «Крокусе»

Музыкальные новости

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Россия, Культура и Дети: детский конкурс эмблемы обьявил Театр кукол в Улан-Удэ

В Костроме сотрудники Росгвардии обеспечат общественную безопасность во время проведения футбольного матча между командами "Спартак" Кострома - "Динамо" Брянск

Страдания юного Аюша Булчун

Новости России

В Мытищах обсудили вопросы размещения объектов сезонной торговли

Столичный суд продлил арест фигуранту дела о «Крокусе» Рачабализоде

Путина угощают уткой по-пекински и устрицами на торжественном приеме в Китае

Ефимов: в пищевом кластере в ТиНАО появится современный хлебозавод

Экология в России и мире

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Страдания юного Аюша Булчун

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Moscow.media

Под красным куполом

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Под зеленым куполом







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *