Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşary döwletlerde bilim alan ýaşlar: Işe ýerleşmek üçin iki ýylda aljak aýlygymyzy para hökmünde soraýarlar

Daşary döwletlerde bilim alan ýaşlar: Işe ýerleşmek üçin iki ýylda aljak aýlygymyzy para hökmünde soraýarlar

Lebap welaýatynda daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýada bilim alan ýaşlaryň ençemesi işsizlikden kösenýär. Işsiz ýaşlar iş tapmakda parahorlugyň uly bökdençlik döredýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýaşlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

“Daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň aglabasy iş tapyp bilmeýär. Olaryň diňe käbiri mekdeplerde mugallym ýa mugallyma bolup işe girip bilýär. Ýöne bu mugallymçylyk işine girmek üçin-de azyndan 70 müň manat para bermeli bolýar” diýip, mundan birnäçe aý ozal Russiýanyň mugallymçylyk institutynda okuwyny tamamlap gelen lebaply Maral (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýtdy.

Bellesek, bu serişde Merkezi bankyň kursunda 20 müň ABŞ dollaryna, gara bazaryň nyrhynda 3 müň 500 ABŞ dollaryna barabardyr.

Lebaply ýaşlar alym-berimiň jikme-jikleri barada hem maglumat berip, bilim edaralarynyň işgärleriniň arasynda ýörite “araçylaryň” bardygyny aýdýarlar.

“Araçylar” ýaşlara paranyň möçberi, ony nirelerde, kimlere we näçe mukdarda bermeli boljakdyklary barada maglumat berýärler.

“Parany bermäge razy bolan raýat ilki Aşgabat şäherine gidip, Bilim ministrliginde daşary ýurt diplomlaryny tassyklatmaly bolýar. Munuň üçin 30 müň manat para soralýar. Parany bermedikleriň diplomy tassyklanmaýar. Soňra işe ýerleşmek üçin tassyklanan diplomyňy welaýat Baş bilim müdiriligine eltmeli. Bu ýerde hem 30 müň manat para bermeli. Soňra müdirlik ýollanma berýär” diýip, Maral aýtdy.

Ýöne ol alym-berimiň munuň bilen-de tamamlanmaýandygyny, ýollanmany alan raýatyň ony ýaşaýan ýerindäki mekdebiň müdirine eltmelidigini hem belleýär.

“Bu ýerde mekdep müdiriniň seni işe kabul edip, iş sagadyny bermegi üçin-de 10 müň manat bermeli. Ýöne soralýan bu paralary bermäge men ýaly başga-da ençeme ýaşyň maddy mümkinçiligi ýok. Biz zähmet ýolumyza gadam basmak üçin öz watanymyza dolandyk. Heniz hiç hili gazanjymyz ýa-da aňyrymyzda üýşüren pulumyz ýok. Ýöne bizden entek zähmet ýolumyza ugrukmankak, hiç hili girdejimiz ýokka, tas iki ýylda aljak aýlygymyzy para hökmünde talap edýärler” diýip, Maral sebit mekdeplerinde mugallymyň aýlyklarynyň takmynan 3 müň manada barabardygyny hem ýatlatdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrliginden we sebitiň bilim edarasyndan kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 8-nji noýabrda eden yzygiderli synanyşyklaryna garamazdan, ministrligiň resmi websaýtynda çap edilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.

Habarçymyz daşary ýurtlarda alan hünärleri boýunça işe ýerleşip bilmeýän ýaşlaryň ýüzlerçesiniň häzirki wagtda agyr işlerde zähmet çekip, gün-güzeran aýlaýandygyny hem aýdýar.

“Ýaşlaryň käbiri hususy awtoulagynda ‘taksiçilik’ edýär ýa-da ussahanalarda işleýär” diýip, habarçymyz belledi.

Döwlet ýolbaşçylary hökümet maslahatlarynda “ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň ýurdy ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilatyň iş üpjünçiligi diňe bir daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlary üçin däl, eýse zähmet ýaşyna ýeten köp raýat üçin uly problema bolmagynda galýar.

Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtda indi alty çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, işsizligiň giňden ýaýraýandygyny we munuň para-berimiň “öküsinden-de möwjemegine” getirýändigini hem-de tasdan kada öwrülýändigini habar berip gelýärler.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Iş üpjünçilik portalynda soňky iki aýda çap edilen maglumatlara görä, saglyk, bilim we beýleki ugurlar boýunça işgärleriň gözlenýändigi barada aýry-aýry ýüzlerçe bildiriş ýaýradylypdyr.

Ýöne ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz bu bildirişleriň diňe göz üçin we hasabat bermek üçin çap edilýändigini, işe ýerleşmek prosesiniň ahyrynda para bermedikleriň işe alynmaýandygyny aýdýarlar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler ýurtdaky işsizligiň derejesi baradaky statistikany açyk mälim etmeýärler.

"Transparency International” guramasynyň korrupsiýa barada şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Страдания юного Аюша Булчун

Брянские парапланеристы завоевали три медали на чемпионате ЦФО

Якутяне могут принять участие в съемках фильма «Против течения. Диодоровы»

Кофемашины Gaggia: искусство приготовления кофе

Музыкальные новости

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Новости России

Косметолог Шостак назвала подходящий возраст для «инъекций красоты»

Брянские парапланеристы завоевали три медали на чемпионате ЦФО

«Являюсь гражданином»: молдавский политик Шор заявил о получении паспорта РФ

Ефимов: Город заключил договор о реорганизации участка бывшей промзоны «Тушино»

Экология в России и мире

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Под зеленым куполом

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *