Türkmenistan Palestinanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberýär
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Palestinanyň halkyna muzdsuz bermek baradaky buýruga gol çekdi. Bu barada TDH 8-nji noýabrda habar berdi.
Resmi maglumatda, munuň Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan berilýändigi aýdylýar.
Türkmenistan Ýakyn gündogardaky wakalar boýunça häzire çenli resmi ýagdaýda beýanat bilen çykyş etmeýär.