Pakistanda terror hadysalarynyň artmagyndan soň, owgan bosgunlary çykarylýar – premýer ministr
Pakistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji öz hökümetiniň owgan bosgunlaryny we başpena gözleýänleri ýurtdan çykarmak tagallalaryny, Owganystanda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ekstremistleriň öňüni alyp bilmezligi bilen baglanyşdyrdy.
Premýer-ministr Anwar ul-Hak Kakar bu barada 8-nji noýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
Ol mundan iki ýyl ozal “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçirmegi bilen, “Pakistanyň Talybany” hem diýlip bilinýän, ýagny “Tehrik-e Taliban Pakistan” toparynyň hüjümleriniň artandygyny aýtdy.
Anwar ul-Hak Kakar “Talybanyň” Owganystanda häkimiýete geçmeginden soň, Pakistanda terror hadysalarynyň 60% artandygyny aýtdy. Hüjümlerde ýurt boýunça 2 müň 267 adam heläk bolupdyr.
“Talyban” hökümetiniň metbugat wekili Zabinullah Mujahid Pakistandaky howply ýagdaýlary “Talyban” bilen ilteşdirmeli däldigini aýtdy. Ol Pakistany öz meselelerini özüniň çözmegine we öz şowsuzlyklary üçin “Talybany” aýyplamazlyga çagyrdy.