Türkmen lideri ýurduň gaz we elektrik eksportuny artdyrmaga taýýardygyny aýdýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşkentde geçirilen 16-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň YHG ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Ol Türkmenistanyň iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini we olara YHG ýurtlarynyň hem käbiriniň gatnaşýandygyny belledi.
“Men öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly, YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin” diýip, TDH döwlet baştutanynyň sözlerini sitirleýär.
Emma synçylar Türkmenistanyň öz ilatyny gaz we elektrik bilen üpjün etmek meselesini hem çözüp bilmeýändigini öňe sürýärler.
Azatlygyň habarçylary ilata berilýän toguň ýygy-ýygydan kesilýändigini habar berýärler. Anonimlik şertinde gürleşen hünärmenleriň käbiri bu ýagdaýy daşary ýurtlara eksport edilýän toguň möçberiniň artmagy bilen baglanyşdyrýar.
Ýöne ýagyş, habarçy bilen gürleşen sürüjileriň aýtmaklaryna görä, diňe polisiýa üçin däl, elektrik edaralary üçin hem ‘peýdaly bolýar’.
Resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, ilatyň elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmeginiň iki sebäbi bar.
Birinji sebäp, Garagum etrabynyň tok edarasynyň işgärleriniň resmi bolmadyk düşündirişlerine görä, ‘ýel, şemal bolsa, elektrik simleri bir-birine degip üzülýär, edarada olary täzelär ýaly sim ýok, şonuň üçin öň aýrylan köne simleri sepläp, birikdirip, bejeriş işleri geçirilýär. Ýöne ol simler indiki şemala çenli, ýa-da howa gaty sowap, simler dartylyp, seplenen ýerinden üzülýänçä durýar’.
Ilatyň elektrik üpjünçiliginiň köp kesilmeginiň ikinji sebäbi, anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň düşündirişine görä, daşary ýurtlara eksport edilýän energiýa serişdelerini ýönekeý ýaşaýjylaryň hasabyna tygşytlamak bilen bagly bolup görünýär.
“Tok edaralaryna ýokardan buýruk geldi, etraplarda her gün ilata berilýän togy birnäçe kilowatt azaltmaly. Şol sebäpden, etrap geňeşliklerini gezekleşdirip, birnäçe sagat toksuz goýýarlar” diýip, habarçy tok edarasynyň işgäriniň aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.
Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen adamlar soňky günlerde Mary welaýatynyň beýleki etraplarynda hem, ýelli ýa ýagyşly howa bolmasa-da, toguň günde birnäçe sagatlap kesilýändigini gürrüň berdiler.