Gaza hassahanasynyň müdiri ölenleriň 'köpçülikleýin mazarda' jaýlanandygyny aýdýar
Gazanyň iň uly hassahanasynyň müdiri 14-nji noýabrda reanimasiýa bölüminde ýogalan 179 adamyň, şol sanda bäbekleriň we hassalaryň bilelikde, toplumdaky "köpçülikleýin mazarda" jaýlanandygyny aýtdy.
"Biz olary köpçülikleýin mazara jaýlamaga mejbur bolduk" diýip, Al-Şifa hassahanasynyň müdiri Muhammet Abu Salmiýa aýtdy.
Ol hassahananyň ýangyç üpjünçiligi gutarandan soň ýogalanlaryň we jaýlananlaryň arasynda ýedi bäbegiň, 29 reanimasiýa hassasynyň bolandygyny aýtdy.
Bu desganyň içinde bolan we AFP bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalist hassahananyň içini porsan jesetleriň ysynyň tutandygyny aýtdy.