Gazagystan ýene bir garagalpak aktiwistini tussaglykdan boşatdy
Gazak häkimiýetleri 13-nji noýabrda Özbegistana ekstradisiýa edilmekçi bolnan garagalpak aktiwisti Tileubike Ýuldaşewany tussaglykdan boşatdy.
Hukuk goraýjy guramalar onuň, geçen ýyl Özbegistanyň Garagalpak awtonom respublikasynda geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalar bilen baglylykda, syýasy sebäpler esasynda kazyýet jogapkärçiligine çekilmek töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdylar.
Ýuldaşewa, bir ýyllap saklanandan soň, demirgazyk-günbatar Aktobe şäherindäki tussaghanadan boşadyldy.
Gazak häkimiýetleri sentýabr aýyndan bäri dört sany garagalpak aktiwistini tussaglykdan boşatdy, ýöne olaryň ýurtdan çykmazlygyny buýurdy.
Şu ýyl Özbegistanda 2022-nji ýylyň iýulynda teklip edilen konstitusiýa üýtgetmelerine garşy köpçülikleýin nägilelik bildiren garagalpak aktiwistleriniň elli sanysy uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi. (Azatlyk Radiosynyň Gazagystan gullugy)