BMG, ýangyç ýetmezçiligi sebäpli, Gazadaky kömek işini togtadar
BMG-niň palestinaly bosgunlar baradaky agentligi birinji gün uruşda tozan Gazadaky işlerini, ÝB we ABŞ tarapyndan terrorçylyk guramasy diýlip atlandyrylan Hamas bilen Ysraýylyň arasynda barýan söweşleriň möwjemegi netijesinde ýüzbe-ýüz bolan ýangyç ýetmezçiligi sebäpli iki gün içinde bes etjekdigini aýtdy.
“Gazadaky ynsanperwerlik operasiýasy, Gaza ýangyç getirilmegine ýol berilmeýänligi sebäpli, gelýän 48 sagadyň dowamynda togtadylar" diýip, UNRWA-nyň Gazadaky başlygy Tomas Waýt ozal twitter diýlip atlandyrylan X-de ýazdy.