Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň häkimiýetleri agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşýär

Aşgabadyň häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň töwereklerine reýd geçirip, gijäniň garaňkysynda agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşip başladylar. Olar raýatlaryň bu hereketiniň "ýurduň abraýyny pese gaçyrýandygyny" aýdýarlar. Bu waka aşgabatlylaryň gijäniň garaňkysynda çörek nobatyna durýandygy barada Azatlyk Radiosynyň çap eden maglumatynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Içeri işler ministrliginiň etrap polisiýa bölümleriniň işgärleri döwlet dükanlarynyň töwereklerine reýd geçirýärler. Olar gijelerine nobat belläp, dükanlaryň töwereklerindäki agaçlaryň aşagynda irkilýän adamlary, çagalary gözleýärler” diýip, Azatlygyň ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmesi 14-nji noýabrda gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri saklanan raýatlardan pasportuny ýa-da şahsyýetini anyklaýan beýleki resminamalary görkezmegi talap edýärler.

“Olar resminamalary bolmadyk raýatlara bu gezek diňe duýduryş berip çäklenýändiklerini aýtdylar. Ýöne olar indiki gezek saklanlarynda, şahsyýeti anyklaýan resminamalary bolmasa, onda olaryň polisiýa bölümine alnyp gidiljekdigini, resminamalary getirilýänçä, wagtlaýyn saklanýan otaglarda saklanjakdygy bilen haýbat atdylar” diýip, çeşmämiz belledi.

Polisiýa işgärleri bu raýatlara ýurtda açlygyň ýokdugyny tekrarlap, olardan agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşmazlygy hem talap etdiler.

“Olar raýatlara bu hereketler bilen, “Türkmenistanyň we hökümetiň abraýyny tutuş dünýä döwletleriniň arasynda pese düşürýärsiňiz’ hem diýdiler. Polisiýa işgärleri ilaty utandyrjak, gorkuzjak boldy. Ýöne ‘dokuň açdan habary ýok’ diýlişi ýaly, ilatyň garyp gatlagyny utandyrmak, gorkuzmak näderejede dogry bolýar?!” diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk bu reýdler barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, aşgabatlylaryň, şol sanda çagalaryň gijäniň garaňkysynda agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýandygy barada Azatlygyň çap eden maglumatyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

Geçen hepde habarçylarymyz çörek satuwy başlaýança, ýaşaýjylaryň we 10-12 ýaşly çagalaryň agaçlaryň aşagynda irkilip oturandygyny görkezýän wideo ýazgylary iberdiler. Redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli bu wideo ýazgylary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Şonda habarçylarymyz bu çagalaryň we ýaşaýjylaryň sagat 7-de satylyp başlanýan çöregi satyn almak üçin daňdan sagat 4:30-da dükanyň öňünde nobata durýandygyny aýtdylar.

Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata elýeter bahadan paýlanýan azyk önümleriniň üpjünçiligi indi alty ýyl çemesi wagt bäri ýaramaz bolup, bu ýagdaý soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda has-da ýitileşdi.

Subsidirlenen azyk önümleriniň sanawynda saklanyp galýan un, çörek we ösümlik ýagy ilata wagtly-wagtynda paýlanmaýar we alyjylaryň ählisine ýetmeýär.

Giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň arasynda, ýurtda köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Mundan ozal, häkimiýetler nobatlary ýaşyrmak üçin, subsidirlenen önümleriň satuwyny dükanlaryň arka gapysyndan ýola goýupdylar. Şeýle-de, olar arka gapylardaky nobatlary hem gizlemek üçin çörek satuwyny diňe irden sagat 7-8 aralygynda amala aşyrmaly etdiler.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Kanadanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistandaky azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna heniz-de alada bildirýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Центр «Фобос»: Еще одна волна холода в Москве ожидается на следующей неделе

Новые тарифы. Как изменится цена в транспорте Москвы с 20 мая

Более 2500 опасных деревьев спилили в Подмосковье в апреле

Сенатор Святенко: поддержка фермеров играет важную роль в устойчивости экономики

Музыкальные новости

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Госцирк Бурятии возглавил Тудуп Батуев: Театр и цирк, Культура, Россия

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Новости России

Более 2500 опасных деревьев спилили в Подмосковье в апреле

Центр «Фобос»: Еще одна волна холода в Москве ожидается на следующей неделе

Как оформить туристическую визу в Китай: подводные камни и перечень документов

Новые тарифы. Как изменится цена в транспорте Москвы с 20 мая

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Хачанов вышел в третий круг турнира ATP в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Moscow.media

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

В подмосковном Красногорске открыли движение на подъезде к строящейся детской больнице

При силовой поддержке столичного спецназа Росгвардии задержан домушник, маскировавшийся под курьера службы доставки

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *