Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar

Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) geçen aý Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi teklip edýändigini habar beripdi. Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda guruljak hassahanalaryň gurluşyk işleriniň “Nahal” hojalyk jemgyýetine ynanylandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, çeşmeleriň öwrenen maglumatlaryna görä, welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulýan täze onkologiýa hassahanalary 150 hassa niýetlenýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda bu üç welaýatda 1960-1970-nji ýyllarda gurlan onkologiýa keselhanalarynyň näsaglary kabul edýändigini habar berýärler.

Sebitlerde habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar täze hassahanalaryň has köp hassalary kabul etmäge ukybynyň bolmalydygyny aýdýarlar.

“Şol döwürler düwün diagnozy goýulýan adamlar gaty bir köp bolmandyr. Şonuň üçin, 150 orunlyk hassahana ýeterlik hasaplanypdyr. Ýöne häzir ilat köpeldi, her hili keselçilik, şol sanda düwün keseli bilen keselleýän adamlar köpeldi. Häzirki wagtda 250-300 näsag bir wagtda bejergi alar ýaly hassahanalar gurulsa talabalaýyk bolar” diýip, saglyk pudagyndan habarly bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmen mediasyna görä, häzirki wagtda paýtagt Aşgabat şäherinde hem 500 orunlyk Halkara onkologiýa merkeziniň gurluşygy dowam edýär.

Mundan ozal, geçen ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatynda 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar soňky ýyllarda ilat arasynda, rak, düwün keseliniň köpelýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, günorta koreý neşirlerine görä, Günorta Koreýanyň “Celltrion Healthcare” saglygy saklaýyş we derman senagaty kärhanasy Türkmenistany düwün keseline garşy dermanlary bilen üpjün eder.

Media maglumatlaryna görä, bu kompaniýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň düwün keseline garşy dermanlar bilen üpjün edilmegi boýunça yglan eden bäsleşiginde ýeňiş gazanypdyr.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar sebitlerdäki onkologiýa hassahanalarynyň sandan çykandygyny aýdýarlar.

“Onkologiýa hassahanalarynda näsaglara orun ýetmeýär. Hassahanalarda ýatar ýaly ýer bolmansoň, alty gün bejergi berip, galan bejergini öýüňde al diýip, näsagy öýüne ugradýarlar. Çagalary onkologiýa ugrundan bejeriş bölümleri ýok. Çagalardaky düwün keselini anyklamak üçin, ýa-da bejergi almak üçin ene-atalar öz çagalaryny Aşgabat şäherindäki onkologiýa merkezine alyp barmaly bolýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy gürrüň berdi.

“Nahal” hojalyk jemgyýetine, mundan ozal, beýleki käbir taslamalar bilen bir hatarda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Mugallymçylyk institutynyň täze binasynyň gurluşygy ynanyldy.

Şeýle-de, türkmen metbugatyna görä, oktýabryň aýagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Arçman” şypahanasynyň goşmaça binalar toplumynyň gurluşyk işleri boýunça “Nahal” hojalyk kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanlylar ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň gymmatlygyndan, olaryň hiliniň pesliginden, enjamlaryň kadaly işlemeýändiginden ýa-da lukmanlaryň olary doly güýjünde işledip bilmeýänliginden, dermanlaryň we medisina serişdeleriniň ýetmezçiliginden, näsaglara ýalňyş diagnoz goýulmagyndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýärler.

Ýöne türkmen hökümeti “döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi” barada ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Hökümet muny ýurtda soňky iki onýyllygyň dowamynda millionlarça dollar serişde harçlanyp gurlan lukmançylyk merkezleri we olaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilendigi bilen delillendirmäge çalyşýar.

Ýurduň saglyk pudagynda dowam edýän nogsanlyklaryň arasynda, Türkmenistanda daşary ýurt döwletlerinde, şol sanda Hindistan, Eýran, Russiýa, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlara saglyk syýahatçylygyna çykýan raýatlar köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Начался прием заявок на конкурс "Добрый спорт" Шахматы представлены в номинации "Сильный ход"

В энергетики добавляют возрастной ценз // Как на производителях отразится возможный запрет продажи напитков подросткам

3 нелегальных перевозчиков в Ленинском округе оштрафовали за сброс стройотходов

Инспекторы ГУСТ напомнили правила газовой безопасности

Музыкальные новости

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

В энергетики добавляют возрастной ценз // Как на производителях отразится возможный запрет продажи напитков подросткам

Международный конкурс креатива и рекламы в туристической индустрии пройдет на IV Российском туристическом форуме «Путешествуй!»

Фестиваль «Город танцует в парках» пройдет в Видном 2 июня

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В 2024 году пенсию по старости можно оформить за несколько часов

Экология в России и мире

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Пермский край, Суксунский район

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *