Türkmen diplomaty Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryna ynanç hatyny gowşurdy
Owganystanda “Talyban” dolandyryjylary ýurduň Herat welaýatynda Türkmenistanyň täze konsulynyň ynanç hatyny kabul etdiler.
Munuň bilen bagly, türkmen diplomaty B.Ýalowyň “Talybanyň” daşary işler ministrininiň ýerine ýetirijisi bilen duşuşygy boýunça, “Talybanyň" Daşary işler ministrliginiň X sosial ulgamyndaky sahypasynda 14-nji noýabrda habar peýda boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler minisrligi we habar serişdeleri, adatça bolşy ýaly, bu barada maglumat bermeýärler.
Munuň bilen, Türkmenistan “Talybanyň” 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň, ýurtda Hytaýdan soň, diplomaty akreditasiýa edilen ikinji daşary ýurt boldy.
Daşary ýurt döwletleri “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetini ykrar etmeýärler.
“Talybanyň” häkimiýete geçmeginden soň, ýurtda adam hukuklary, hususan-da aýallaryň hak-hukuklary berk çäklendirildi.