Gazak kazyýeti 4 ýaşly çagany öldürmekde aýyplanan harbyny günäsiz tapdy
Almatydaky harby kazyýet geçen ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanda bolup geçen tolgunyşyklarda öldürilen 4 ýaşly çaganyň ölüminde aýyplanýan adamy aklady.
Bu tolgunyşyklarda azyndan 238 adamyň ölendigi habar berildi.
Aýkörkem Meldehan Almatyda, resmi derňewleriň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda awtoulagly, öz maşgala agzalary bilen azyk dükanyna barýan wagtynda, harby işgär tarapyndan öldürildi.
Maşgalanyň awtoulagyna azyndan 20 ok atyldy we bu wakada Aýkörkemiň 15 ýaşly aýal dogany hem ýaralandy.
Geçirilen derňewler bu maşgalanyň awtoulagyna atylan oklaryň harbylar tarapyndan ulanylýan ýaraglardan atylandygyny görkezýär.
Almaty Garnozonynyň harby kazyýeti bu işde aýyplanylýan harby gullukçyny, Arman Žumany günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy.
Prokurorlar ok atylýan ýaragy ulanmak ygtyýarlyklaryny bozmak bilen çaga ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan Žumanyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar.
26-njy iýulda başlanan kazyýet seljermeleri ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.
Munuň sebäbi kazyýet derňewindäki materiallaryň käbiriniň gizlinlik ýagdaýy bilen düşündirildi.