Türkiýäniň Erdogany Germaniýa sapar eder
Iki ýurduň Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda barýan uruş meselesindäki dürli garaýyşlary bilen baglylykda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň 17-nji noýabrda Berlinde gysga wagtlyk sapara gelmegine garaşylýar.
Hamas Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan terror guramasy diýlip hasaplanylýar.
Erdogan german kansleri Olaf Şolz we prezident Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşar.
Şolz Erdogany maý aýynda, gaýtadan prezident saýlanandan soň sapara çagyrdy.
Iki ýurduň Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla eden hüjüminden soň bolup geçen wakalar baradaky garaýyş tapawutlarynyň barha ulalmagy bu sapara kölege salýar.