Tanymal hukuk aktiwisti Nina Katerli 89 ýaşynda aradan çykdy
Tanymal hukuk aktiwisti Nina Katerli 89 ýaşynda aradan çykdy diýip, Sankt-Peterburgyň şäher kanun çykaryjysy Boris Wişnewskiý 20-nji noýabrda habar berdi.
Katerli syýasy sebäpler esasynda açylan ýokary derejeli kazyýet işleriniň birnäçesinde ençeme adamy, şol sanda 2000-nji ýyllaryň başynda Mihail Hodorkowskini we Ýukos nebit kompaniýasynyň beýleki öňki ýolbaşçylaryny gorap çykyş etdi.
Katerli teatr müdiri, häzirki wagtda deslapky tussaghanada saklanylýan Ýewgeniýa Berkowiçiň enesidi.
Berkowiç musulman erkeklerine durmuşa çykan we Siriýa göçen rus zenanlary baradaky sahna oýny bilen baglylykda terrorçylygy aklamakda aýyplanýar. Ol özüniň bigünädigini aýdýar.