Ysraýyl Gaza operasiýasyny giňeldýär, araçylar zamun ylalaşygynyň golaýlandygyny aýdýarlar
20-nji noýabrda, ysraýyl goşunlarynyň Gaza zolagynda geçirýän operasiýalaryny "giňeltmeginiň" arasynda, Kataryň araçylary Hamasyň ýesirlikde saklaýan 240 zamunynyň käbirini boşatmak baradaky ylalaşyga golaý gelendiklerini aýtdylar.
Hamas ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen söweşiji topar bolup durýar.
Harbylaryň 19-njy noýabrda "Gaza zolagynyň beýleki etraplaryndaky operasiýa işjeňliklerini giňeldýändigini" aýtmagy netijesinde, Ysraýyl Gazanyň iň uly bosgun düşelgesinde, Jabaliýada we onuň golaýyndaky kenarýaka lagerinde ýaşaýan ýaşaýjylara ewakuasiýa edilmek duýduryşyny berdi.
“The Washington Post” gazeti Ysraýylyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Hamasyň söweşe bäş günlük arakesme berilmegine derek Gazada zamun alnan onlarça aýal-gyzy boşatmak barada başlangyç ylalaşyga gelendigini habar berdi.
Emma muňa garamazdan, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we ABŞ resmileri entek hiç hili ylalaşygyň baglaşylmandygyny aýtdylar.