Türkmen türgeni ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy
Türkmenistanly türgen Gaýgysyz Töräýew ýaşlaryň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda iki görnüşiň jemi boýunça 335 kilogram netije bilen kümüş medala mynasyp boldy diýip, türkmen metbugaty Halkara agyrlyk göteriş federasiýasyna salgylanyp habar berýär.
Töräýew Meksikada geçirilýän ýaryşda ştangany itekläp götermekde 151 kilogram görkeziji, silterläp götermekde bolsa 184 kilogam netije bilen iki sany kiçi kümüş medala eýe boldy.
81 kilograma çenli agram derejesinde güýç synanyşan 18 türgeniň arasynda, iki görnüşiň jemi boýunça, gazagystanly Ýedige Ýemberdi birinji orny, gürjüstanly Saba Asanidze bolsa üçünji orny aldy diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýaryşa gatnaşýan alty türgeniň ikisi, Perhat Bagtyýarow (9-njy orun) we Gülälek Kakamyradowa (18-nji orun) öz çykyşyny tamamlady.
Meksikanyň Gwadalahara şäherinde 23-nji noýabrda tamamlanjak ýaryşyň dowamynda türkmen türgenlerinden ýene Anamjan Rustamowa (81 kg çenli), Resul Rejebow (89 kg çenli) we Şahzadbek Mätýakubow (96 kg çenli) çykyş etmeli.