Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AÝ/AR-nyň tussag edilen žurnalisti Alsu Kurmaşewa deslapky tussaghanada gününi nähili geçirýär

AÝ/AR-nyň tussag edilen žurnalisti Alsu Kurmaşewa deslapky tussaghanada gününi nähili geçirýär

Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussag edileninden bäri bir aý geçdi. Ol özüni häkimiýetlere "daşary ýurt agenti" hökmünde hasaba alynmagy üçin ýüz tutmanlykda (Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1-nji maddasynyň 3-nji bölegi) aýyplanýar. Kazyýetiň kararyna görä, žurnalist deslapky tussaglyk merkezinde azyndan 5-nji dekabra çenli saklanar. Emma derňewiň noýabr aýynyň ahyrynda tussag edilmegiň möhletini uzaltmak barada alada etjegine, iş ýüzünde hiç hili şübhe ýok. Alsunyň ýoldaşlary onuň bilen ilkinji günlerden hat alyşmaga girişdiler. "Idel.Realii" hatlara esaslanyp, onuň türmedäki durmuşy barada gürrüň berýär.

Alsu tussag edilenden birnäçe gün geçensoň, onuň ýoldaşlary ilkinji haty aldylar. Ol wagt žurnalist eýýäm deslapky tussaglyk merkezine geçirilipdi.

— Meniň ýüregimde näme bar? Bu gün şondan bäri ilkinji gezek aglaýaryn, edil... Munuň nireden başlanandygyny-da bilemok. Dogrusyny aýtsam, men hata-da, yzymdan zat gelerine-de garaşmandym. Olar garaşylman durkam gelende, saklanyp bilmedim. Bar zat tolgundyrdy. Aýratyn-da syh-syh sübsejik. Kofe bilen halwa – bu tatar kofesi ahyryn – diýip, Alsu ýazýar.

Žurnalistiň ýoldaşlary tatar dilinde ýazylan hatlaryň tussaghana baryp ýetjeginden alada edýärdiler. Ilkibada hatlar diňe rus dilinde ýazylypdyr. Muňa hatda Alsu degşip: "Orsça ýazyberiň, men tatarça okaryn!" diýdi. Ýöne tatarça ýazylýan hatlaryň uly kynçylyk döredýäni soňra belli boldy. Muny Alsunyň özi belli etdi, eger haty barlaýan tatarça bilmeýän bolsa, ýazylan hatlar geçmän bilýär.

Gün tertibi

Alsu deslapky tussaghanadan ilkinji hatynda, ýoga bilen meşgullanýandygy, köp ýazýandygy, kitap okaýandygy hem özüne ýardam edýänleriň ählisine minnetdarlyk bildirýändigi barada aýdypdy.

Tussaghanadaky durmuş her gün ir sagat 6-dan başlanýar, ýöne kameradaky öçügsi çyra gijesi bilen ýanyp durýar. Ertirlik üçin bulamak aş bilen süýji gara çaý berilýär. Kameradaky irki barlagdan soň, jaýyň içini diwarlary süpürip arassalamaly we ş.m. günortana bir sagatlyk gezelenç bar.

"Şu gün bizi ini-boýy 4–6 metrlik meýdança gezelenje çykardylar. Biz ol ýerde 1000 metr töweregi bolsun diýip, 40 aýlaw ylgadyk. Soňra damarlary ýazmak, oturyp-turmak başlandy. Gözegçi örän geň galdy. Belkem, beýle ýagdaý seýrek bolýar” diýip ýazýar.

Ilkinji gezelenji barada şeýle gürrüň berýär:

"Ilkinji gezek howla gezelenje çykdym. Görsem gar ýagypdyr. Bir kiçijik gar tozgasyny görenimden, bütin ömrüm ýene gözümiň alnyndan geçdi. Bir sagat gezelençden soň, limon bilen çaý boldy. <…> Bir çüýşe gyzgyn suw bilen ýatmak gowy. Howludaky gar eýýäm eräp barýar. Geljek hepde maýyl bolsa gerek, elbetde, bu entek belli däl" diýip, Alsu oktýabr aýynyň ahyrynda ýazypdy.

Günortanlykdan soň. Onuň gürrüň beren gününde et, kartoşka garylan nahar bilen kisel berlipdir. Agşamlyga bolsa kelem bilen balyk. Ýogsa-da, ony her gün berilýär. Barlagdan soň agşam sagat 10-da ýatmaly.

Žurnalistiň saklanylýan tussaghanasyndaky duşda, hepdede iki gezek, duşenbe we anna günleri ýuwnup bolýar. Ilkinji gezek Alsu tussag edilenden 10 gün soň ýuwnup bilipdir: "Saçymdaky siziň şampunyñyzyň ysy hem ýüzüme çaga kremini çalyp irkilýän”.

Saklanyş şertleri

Kamerada her adamyň öz gap-gajy bar, ýöne ortalygam bar. Şeýle hem kiçijik ýahdandan we çäýnekden peýdalanmaga rugsat berilýär.

Kitaphanadan peýdalanmak mümkin, ýöne ol ýapyk. Kamerada ona golaý kitap tapdym, ýöne olaryň aglabasy dedektiw, hristiançylyk barada kitaplar we az-kem psihologiýa we özüňi alyp barmak barada ýene-de birnäçe kitap bar.

"Siziň hatlaryňyzy günde telim gezek gaýtalap okaýaryn. Kamerada bolan iki kitaby men eýýäm okap çykdym. Ýene-de getirip bermeklerini soradym, ýöne onuň näçe çalt boljagyny bilemok” diýip, ol ýazýar.

Alsu soňky hatlarynda kameranyň sowuklygyndan birnäçe gezek zeýrendi. Ýogsa-da kamerada dört adam bar.

— Meniň günlerim, ine, şeýdip geçýär. Bu "aladalaryň" arasynda has möhüm çärelerem bolup geçýär. Siz, hemmäňiz näme bilen meşgul bolýaňyz – häzir iň gereklisi hem zerury näme. Kofe içýärsiňizmi ýa-da kabinetde şkaf asmak üçin, perforator bilen diwarda deşik edýänsiňizi; ony şu wagt ediň – diýip, Alsu nygtaýar.

Goşgular we diller

Hatlarynyň birinde Alsu Gabdulla Tukaýyň tatar dilindäki goşgusyny ibermegi sorapdyr. Bir goşgyny rus dilinde ýadyna salypdyr, ýöne onuň öz ene dilinde nähili äheňde ýaňlanýany ýadyna düşmändir. Netijede, oňa goşgynyň asyl nusgasy berlipdir, bir hepdeden soň bolsa onuň ýakynlary "Doşmannar" ("Duşmanlar") goşgusynyň çeper terjimesini aldylar. Goşgy ussat tarapyndan 1912-nji ýylda, häzirki zaman tatar dilinde ýazylypdy.

— Salam! Tukaýyň bu goşgusy dünýäniň ýarysyna ýaýrady! — diýip ýazýar.

Күп еланнар сызгырып читтән карый бәхетемә,

Борыла-сырыла бәдбәхетләр үрмәли тәхетемә.

Аз кеби баскан бу золмәт тормышымны,

Түзмиләр бит бер генә яктан ачылган яктыма!

Үзләре сүздән түбән, күзләре тездән түбән;

Эт кебек һаулап яманга, күз йомалар яхшыма.

Дөньядан туйдым, өметем юк, алар күпсенсә дә,

Тик мин үлгәчтән, карагыз, типмәсеннәр табутыма!

Зур җаным сөйми җиһанны,

Чөнки бар дөнья фәна (бетә торган);

Анда торганнар һәвәслек белән мавыга.

Якты йөз белән алам каршы алам авырлык, авыруны.

Чүпкә дә санамыйм йөрәккә кап-кара кан сауганны.

Азмы каккан вә сукканны күтәрдем мин ятим?!

Азрак үстерде сыйпап тик маңгаемнан тик милләтем.

Mundan daşary-da, Alsu ermeni we dargy dillerini öwrenýändigi barada ýazypdyr, şeýle hem kamerada bolýanlara özi tatar dilini öwredýär.

Alsu hem onuň jenaýat işi barada

Alsu Kurmaşewa 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynyň žurnalisti. Ol uzak wagtdan bäri Tatarstan we Başgyrdystan medeniýetiniň we etniki toparlaryň hukuklary baradaky meseleleri aýan edip gelýär. Ol tatar dilini we medeniýetini rus häkimiýetleriniň basyşyndan goramak boýunça başlangyçlar barada aýdyp geldi. Bu ýagdaý soňky ýyllarda has-da beterleşýär.

Alsu 2018-nji ýyldan bäri AÝ/AR-nda tatar dilindäki Әйдә! Online meşhur okuw-öwredijilik taslamasy işe başlany bäri, oňa ýolbaşçylyk etdi. Bu azlykdaky milletleriň dillerine rus hökümetiniň repressiýasyna garşy jogap boldy.

Alsu ABŞ-nyň we Russiýanyň raýaty. Ol ýanýoldaşy we çagalary bilen Pragada ýaşaýar, ýöne maý aýynyň ortalarynda maşgala ýagdaýy sebäpleri öz dogduk mekany Kazan şäherine gitmeli boldy.

— Ol bu sapary bilen töwekgelçilik edýänine doly düşünýärdi. Muňa garamazdan, biziň köpimiziň maşgalamyzyň öňünde belli borjumyz bar, şonuň üçinem ol Russiýa gitmegi ýüregine düwdi – diýip, noýabryň başynda onuň adamsy, "Nastoýäşeýe wremýa” tele-kanalynyň direktory Pawel Butorin gürrüň berdi.

Ikinji iýunda Kazan howa menzilinde, uçmazyndan öňinçä, Alsu howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklandy. Onuň Amerikan we rus pasportlary elinden alyndy. Birnäçe günden soň, žurnalistiň garşysyna ikinji raýatlygy barada habar bermändigi üçin (Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasy), jenaýat işi açyldy. Alsudan hiç ýere gitmezlik barada, ýazmaça dilhat alyndy. Bu işiň derňewi birnäçe aýlap dowam etdi. Diňe oktýabr aýynda, Kazandaky kazyýetiň karary bilen oňa 10 müň rubl jerime salyndy.

Bir hepde geçenden soň, 18-nji oktýabrda žurnalisti bu gezek ejesiniň öýünde tussag astyna aldylar. Ýörite gullugyň adamlary ony derňew komitetine getirdiler we Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, oňa garşy başlanan jenaýat işi barada habar berdiler («Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygyna laýyklykda, daşary ýurt agentleriniň hasaba alynmagy üçin, zerur bolan resminamalary ygtyýarly edara bermek barada, bellenen borçnamanyň ýerine ýetirilmezligi, daşary ýurt agentleriniň hasaba alnyşyna goşulmak üçin, zerur bolan adam, ýagny eger-de daşary ýurt çeşmeleri tarapyndan Orsýetiň harby, harby-tehniki işleri ulgamyndaky maglumatlaryň toplanylmagy alynsa, Orsýetiň howpsuzlygyna garşy ulanylyp bilner"). Şeýlelikde, kanun goraýjylaryň pikirine görä, Alsu Kurmaşewa "daşary ýurt agentleriniň" hasaba alnyşyna girizilmeli dokumentleri bermelidi diýip hasap edýärler. Şunuň bilen bir hatarda, Orsýetiň Adalat ministrligi öz başlangyjy bilen Alsuny "daşary ýurt agentleriniň" hasabyna goşmandy. Bu şol madda boýunça Orsýetde žurnalistiň garşysyna açylan ilkinji jenaýat işidir. Žurnalist özüniň günäkär däldigini aýdýar.

Sorag-jogapdan soň Alsu deslapky tussaglyk merkezine iberildi. 20-nji oktýabrda derňew topary Kazanyň Sowet etrap kazyýetine žurnalisti tussag etmek hakyndaky arza bilen ýüz tutdy. Emma şol gün kazyýet onuň tussaglykda saklanyş möhletini (deslapky tussaghanada galmak) ýene 72 sagat uzaltmak hakynda karar kabul etdi. 23-nji oktýabrda ikinji synanyşykda kazy Mars Ganeýew sülçiniň tagallasyny kabul edip, Alsunyň deslapky tussaghanada saklanmagyny 5-nji dekabra çenli uzaltdy. Diňlenişik metbugatdan ýapyk ýagdaýda geçdi.

26-njy oktýabrda žurnaliste Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasynyň 3-nji bölegi esasynda aýyplama bildirildi. Birnäçe günden soň Tatarstanyň Ýokary kazyýeti Alsuny tussaglykda galdyrdy.

Raýdaşlyk

Alsu tussaglyga alnandan soňra, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Jeffri Gedmin kazyýetiň kararyna "çuňňur geň galýandygyny" duýduryp: "Biz Alsu maşgalasyna gowşar ýaly, onuň derhal boşadylmagyny talap edýäris" diýdi.

Alsunyň saklanmagyny Kanadanyň, Çehiýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň şeýle hem Şwesiýanyň hökümetleri, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça Ýokary wekiliýeti we Ýewropa Parlamentiniň howpsuzlyk syýasaty boýunça prezidenti, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ОБСЕ) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy baradaky bölümi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissary ýazgardylar. Ýewropa Geňeşiniň žurnalistleriň howpsuzlygy boýunça platformasy Alsuny boşatmak barada çagyryş çap etdi.

Halkara adam hukuklary we media azatlygy guramalary hem Alsunyň syýasy matlaplara esaslanyp tussag edilmegini ýazgaryp, onuň dessine azatlyga çykarylmagyny talap etdiler. Olaryň arasynda "Amnistiýa International", Žurnalistleri goramak boýunça Komitet, "Freedom House", "PEN Amerika", Serhetsiz reportýorlar, Žurnalistleriň halkara federasiýasy hem-de Halkara metbugat instituty bar. Žurnalistleri goramak komiteti "Alsu Kurmaşewanyň tussag edilmegi häzirki günlerde Russiýanyň daşary ýurt agentleriniň kanunyny garaşsyz metbugata garşy nädogry ulanmaklygyň iň aýylganç mysalydyr" diýdi.

— Ol hökman azatlyga goýberilmeli, biz häzir onuň diňe žurnalist we amerikaly bolany üçin, tussag edilendigini bilýäris – diýip, Alsunyň ýanýoldaşy Pawel Butorin belleýär. — Biz ony syýasy tussag hasaplaýarys, ol haýal edilmezden azatlyga goýberilmeli.

Mundan bir hepde ozal žurnalistleriň we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy bolan "National Press Club" kompaniýasy (Waşingtonda) beýanat berdi. Milli Press Klubynyň prezidenti Eilen O'Raýli hem-de Milli Press Klubynyň žurnalistika institutynyň prezidenti Gila Klaýna "ABŞ-nyň hökümetini Alsu Kurmaşewanyň tussag edilmegini bikanun we nädogry tussag edilmeklik hökmünde derrew ykrar etmäge" çagyrdylar.

"Baýdeniň administrasiýasy bu möhüm kesgitlemäni örän köp yza çekýär. Alsu diňe öz işini ýerine ýetirýändigi üçin, Russiýada tussag edilen soňky žurnalistdir. Žurnalistika işi jenaýat däl. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we ol bölümiň ýolbaşçylary Alsunyň adalatsyz tussaglykdan boşadylmagyny üpjün etmek üçin, çalt hereket etmelidirler" diýip, beýanatda aýdylýar.

Rus häkimiýetleri "daşary ýurduň täsiri" astyndaky islendik adamy "daşary ýurt agenti" diýip yglan edip bilýärler, kanunda onuň kesgitlemesi örän düşnüksiz berilýär. Häzir agent diýlip hasaba alnanlar ýüzlerçe bar: olar şahsy adamlar, köpçülikleýin habar serişdeleri, guramalar we hereketler.

Kanuna girizilen täze düzedişlere laýyklykda, 2022-nji ýylyň ahyryndan başlap, "daşary ýurt agentlerine" döwlet edaralarynda sapak bermek, jemgyýetçilik çäreleriniň gurnaýjylary bolmak, şertnama esasynda goşunda gulluk etmek we saýlaw komissiýalarynyň agzasy bolmak gadagan edilýär.

Russiýanyň Adalat ministrligi 2017-nji ýylda Azat Ýewropa Radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynyň taslamalary Idel.Realii we Azatlyk Radiosyny "daşary ýurt agenti" diýip ykrar etdi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Культура сбыта: Россия наращивает экономические связи с исламским миром

Мария Багреева: контрактная система Москвы направлена на развитие конкурентной среды и поддержку российского бизнеса

Инсталляции в виде буквы «М» появились у вестибюлей станций метро

Россияне стали чаще интересоваться железнодорожными путешествиями на Дальний Восток

Музыкальные новости

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Новости России

Россияне стали чаще интересоваться железнодорожными путешествиями на Дальний Восток

Этот день в Русской истории

Хирург Байрамукова: массаж поможет убрать кольца Венеры на шее

После смерти пациента: в чем обвиняют задержанных хирургов клиники Хайдарова

Экология в России и мире

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Танцы с ветром....

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *