BSG resmisi Gazadaky hassahana ýagdaýynyň 'gaty agyrdygyny' aýdýar
Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) ýokary derejeli resmisi 20-nji noýabrda Gazadaky hassahana ýagdaýyny "betbagtçylykly" diýip häsiýetlendirdi.
Ol hassahanalaryň köpüsiniň işlemeýändigini we galanlarynyň indiki aýda dogulmagyna garaşylýan müňlerçe çaga seretmek mümkinçiliginiň bolmajakdygyny aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat üçin gurnan gysga wagtly ýygnagy Gazanyň demirgazygyndaky Indoneziýa hassahanasyna bir top okunyň gelip degmeginiň birnäçe sagat soňundan boldy.
Gazanyň Saglyk ministrliginiň we bir saglyk işgäriniň tassyklamagyna görä, bu hüjüm netijesinde 12 adam öldi.
Bu hassahananyň töweregindäki agyr söweşler BSG Gaza şäherindäki Şifa hassahanasyndan wagtyndan öň doglan bäbekleriň 31 sanysyny ewakuasiýa edeninden bir gün soň başlandy.