Ysraýyl ýene bir Gaza hassahanasynyň golaýynda Hamasa garşy söweşýär
Ysraýyl güýçleri ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparyna garşy alyp barýan uruşlaryny 20-nji noýabrda Gazanyň demirgazygynda, müňlerçe hassanyň we ýaşaýan ýerlerinden bosan müňlerçe adamyň penalaýan hassahanasynyň töwereginde ýerleşen söweşijiler bilen dowam etdirdiler.
Iki tarapyň arasynda barýan urşa garamazdan, saglyk işgärleri ýaraly bolanlaryň bir bölegini ewakuasiýa etmegi başardylar.
Desganyň içindäki saglyk işgäri we Hamas tarapyndan dolandyrylýan Gazanyň Saglyk ministrligi bir top okunyň Indoneziýa hassahanasynyň ikinji gatyna degip, 12 adamy öldürendigini aýtdy.
Olaryň ikisi hem bu hüjümde Ysraýyly günäkärledi, emma Ysraýyl hassahanany topa tutandygy barada aýdylýanlary ret etdi.